Şu gün paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oňyn özgertmelerine, kiçi we orta telekeçiligiň okgunly, depginli ösüşlerine saldamly goşant goşýan önümçilik düzümleriniň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Giňdere» hususy kärhanasydyr. Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň çäginde ýerleşýän bu kärhana indi 2016-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär.

Gruziýanyň Basylyp alnan ýerlerinden mejbury göçürilen adamlar, zähmet, saglyk we sosial goraýyş ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Ministr M.Sarjweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 18-21-nji marty aralygynda Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynyň wekilleri medeni çäräni – görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny geçirdiler.

Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi.
