Sport
27.10.2026
156
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä ýaryşynda
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Hytaýyň Ninbo şäherinde badalga alýan agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda Türkmenistanyň adyndan on türgen çykyş eder.
22.10.2026
2300
Türkmen tennisçileri Billie Jean King Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Täjigistanyň ýygyndy toparyndan üstün çykdylar
Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy Wýetnamyň deňiz porty bolan Fantýet şäherinde badalga alan Billie Jean King Kubogy ugrundaky sebitleýin ýaryşynda Täjigistanyň ýygyndy toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşa üstünlikli başladylar.
20.10.2026
3216
Küşt ussatlary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşerler
22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçiriler.
19.10.2026
3451
«Ahal» topary Butanyň «Paro» topary bilen utuklary paýlaşdy
Türkmen futbolçylary «Ahal» toparynyň düzüminde Butanyň «Paro» topary bilen Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Çagyryş ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wise-çempiony iki gol tapawudy bilen öňde barýandygyna garamazdan, 90-njy minutda öz derwezesine geçirilen gol sebäpli ýeňşi elden gidirdi.
18.10.2026
2716
Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlarynda çykyş ederler
2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň paýtagty Nagoýada V Aziýa Para oýunlary geçiriler. Bu uly möçberli sport çäresiniň açylyş dabarasy ýekşenbe güni «Paloma Mizuho» stadionynda bolar.
17.10.2026
2505
Türkmenistanda XVI Uniwersiada we Spartakiadalar badalga aldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýene-de bir gezek şanly sport wakalarynyň merkezine öwrülip, XVI talyplar Uniwersiadasynyň, şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän Spartakiadalaryň dabaraly açylyşyny kabul etdi.
16.10.2026
2120
«Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan öňdäki orny eýeledi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň çempionatynda 18-nji tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy geçirildi.
15.10.2026
3438
Mary welaýatynda dzýudo boýunça açyk birinjilik geçirildi
2026-njy ýylyň 10 – 12-nji oktýabry aralygynda Mary şäherindäki 8-nji sport mekdebinde 2012 – 2015-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda dzýudo boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligi geçirildi. Ýaryşa jemi 85 sany ýaş türgen gatnaşdy.
14.10.2026
3093
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky «Al-Jazira» topary bilen duşuşygyň öňüsyrasynda «Şagadam» toparyny uly hasap bilen ýeňdi
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 25-nji tapgyrynyň yza süýşürilen duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan ynamly üstün çykdy.
13.10.2026
3161
Türkmen küştçüleri mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda on medal gazandylar
Russiýa Federasiýasynyň Tula oblastynyň Bunyrýowo şäherçesinde tamamlanan mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen XX Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri on medal gazandylar.