Medeniýet
23.10.2026
1075
Teatr möwsüminiň täsirli başlangyjy
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary üçin täze teatr möwsüminiň başlangyjy şatlykly we täsirli wakalara baý boldy. Şu aýyň ikinji ýarymynda teatryň artistleriniň bir topary Lebap we Mary welaýatlaryna döredijilik saparyny amala aşyrdy.
22.10.2026
1147
Gazak halkynyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda» atly fotosergi açyldy. Sergi muzeýe gelýänlere gazak halkynyň taryhyna gyzykly syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
21.10.2026
1716
Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň nakgaşlyk we grafika eserlerinden ybarat şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hoşgeldi Şahberdiýewi tanaýan köp sanly suratkeşler ony iň ökde ussatlaryň biri hasaplaýardylar. Ýeri gelende bellesek, Hoşgeldi Şahberdiýewiň grafika eserleriniň birini Tretýakow galereýasy hem satyn alypdyr.
20.10.2026
1975
Suratkeş Hoşgeldi Şaberdiýewiň gysga, emma diýseň manyly ömri
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde gysga, ýöne örän manyly ömür ýoluny geçen suratkeş Hoşgeldi Şaberdiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, onuň işleriniň şahsy sergisi açyldy. Kükreginde ýürek urmasy togtanda, ol bary-ýogy 40 ýaşyndady.
20.10.2026
1848
«CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasynyň çäklerinde Hytaýyň Hançjou we Ninbo şäherlerine halkara metbugat gezelenji guraldy
Häzirki zaman bütindünýä syýasy we ykdysady gurluşynda döwletleriň halkara meýdanyndaky ornuny diňe bir olaryň ykdysady görkezijileri däl, eýsem, taryhy-medeni mirasyň häzirki zaman tehnologik gazanylanlar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyşy hem kesgitleýär.
19.10.2026
2147
Daşkentde «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Daşkent şäherinde, Özbegistan Respublikasynyň milli medeni merkezleriniň pawilýonynda «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowany hormatlamak dabarasy geçirildi. Bu halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.
18.10.2026
1849
Türkmen suratçysynyň obýektiwinden: Balikesir we Çanakkale
Türkmen žurnalistleriniň metbugat sapary Türkiýäniň esasy iki sany sebitinde – Balikesir we Çanakkalede geçirildi. Syýahat ýurduň günbatar kenarýakasynyň keşbini emele getirýän tebigy landşaftlary, medeni desgalary we taryhy ýerleri surata düşürmäge mümkinçilik berdi.
17.10.2026
1593
Ýönekeý kirişdir perdeler we uly ykbal: Türkmenistanyň halk artisti bilen söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
17.10.2026
1944
Balikesir – Çanakkale: Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýäniň medeni we taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar
Öň habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet we hususy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkiýe boýunça geçirilen metbugat saparyna gatnaşdylar.
16.10.2026
2100
Türkmenistanly ussatlar Daşkentde geçirilen XI halkara häzirkizaman sungat sergisine gatnaşdylar
15-nji oktýabrda Daşkentde «Wakalar gözýetimi» atly XI halkara häzirki zaman sungat sergisiniň çäginde türkmen ussatlarynyň sergisi açyldy. P. Benkow adyndaky Respublikan ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň sergi meýdançasynda tanymal suratkeşler Azat Myradowyň, Gunça Myradowanyň we Toýly Çopanowyň çeken 30-dan gowrak suraty görkezildi.