Türkmenistanyň Küşt federasiýasy «Gran Pri» – baş baýrak ugrunda täze ýaryşy ýola goýdy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar berlişi ýaly, bu ýaryş ýurdumyzyň dürli künjegindäki küştçülere tejribe toplamak, ýokary liga çykmak üçin mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we ýurdumyzda küşt oýnuny giňden ýaýmak maksady bilen guraldy.
«Gran Pri» ýaryşynyň alty tapgyry nusgawy görnüşinde geçiriler we Türkmenistanyň bäş welaýatyny hem paýtagtymyzy öz içine alar.
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde başlanan Aşgabat tapgyryna açyk toparda 83, zenanlar toparynda bolsa 44 oýunçy bolmak bilen, 127 oýunçy gatnaşdy.
«Gran Pri» ýaryşynyň ähli tapgyrynyň netijeleri boýunça her topardan iň gowy 16 oýunçy kesgitlener, şolar-da pleý-offyň soňky tapgyryna çykarlar we ol ýerde utulan çykdy şerti bilen oýnamaly bolarlar. Soňky tapgyr paýtagtymyzda geçiriler. Şonuň netijesi boýunça, iki toparyň-da ýeňijileri Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky ýokary ligasyna gatnaşmaga hukuk alarlar. Şol ýerde-de halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin, milli ýygyndy topar dörediler.
«Gran Pri» ýaryşynyň üýtgeşik aýratynlygy-da Türkmenistanyň küşt taryhynda oýunlaryň ilkinji gezek göni ýaýlyma berilmeginiň hut şundan başlanmagydyr. Küştçüleriň edýän her bir göçümi küşt çöplerinde we tagtasynda oturdylan ýörite enjamlaryň kömegi bilen dessine sanly görnüşe öwrülip, ýörite «DGT LiveChess» goşmaça goşundynyň kömegi bilen internet ýerliklerine iberilýär.
Dünýäniň dürli künjegindäki küşt höwesjeňleri, hünärmenler we ýöne tomaşaçylar her bir göçümi synlap, garşydaşlaryň oýnuny derňäp, gyzykly oýunlardan lezzet alyp bilerler. Mundan başga-da, göni internet ýaýlymda sagady, ýagny her göçümden soň her oýunçy üçin galan minutlary we sekuntlary görmek bolýar, bu bolsa küşt janköýerlerinde goşmaça gyzyklanma döredýär.
Ýaýlymyň alnyp görkezilişini üpjün edýän «Livechess» goşundysy küşt söýüjileriň arasynda bütin dünýäde bolýan dürli ýaryşlaryň oýunlaryny göni ýaýlymda görmek üçin iň meşhur we elýeterli ýerlik hasaplanýar.
Häzirki ýaryşyň ýaýlyma berilmeginiň çäginde açyk toparda 7 tagta, zenanlar toparynda 3 tagta görkezilýär, bu bolsa tomaşaçylara dartgynly oýunlara synlamaga we gowy görýänlerini goldamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bilen Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikdäki meýilnamalary ýaýlym üçin tagtalaryň sanyny köpeltmegi öz içine alýar.
Bu tehniki meseleleri çözmäge göni internet ýaýlym üçin ýöriteleşdirilen küşt enjamlaryny öndürýän «DGT Golland» kompaniýasy we üstünlikli işleýän «Imdat Elektronika» türkmen maglumat tehnologiýa kompaniýasy kömek edýär.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bu täzeligiň janköýerleriň giň topary üçin küşt oýnuny ajaýyp sport görnüşine öwürmek ugrunda ýene bir ädimdigine ynanýarlar.