Ï Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 4731
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylyň 10 — 12-nji martynda Türkmenabat şäherinde Amul galasyna bagyşlanyp, “Gündogar Türkmenistanyň mirasy orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu forumda Amul galasynyň dünýä medeniýetindäki orny barada beýan edilen ylmy garaýyşlar halkara ylmy jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi.

Mälim bolşy ýaly, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak baradaky karar Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki hödürlän teklibi boýunça 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji giňişleýin mejlisinde kabul edildi. Degişli güwänamany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda türkmen tarapyna gowşurdy.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar. 2024-nji ýylyň 7-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzy, şol sanda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna hem-de bu guramanyň başga-da köp sanly resminamalaryna goşulmagy, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyny tassyklamagy döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, Milletler Bileleşiginiň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, umumadamzat ösüşine goşant goşmakda maksada gönükdirilen işleriň barha çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň birnäçe gezek bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi döwletimiziň medeni hem-de tebigy mirasy goramak boýunça amala aşyrýan işlerine berlen ýokary bahadyr.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.

Wekilçilikli maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar, ýaş alymlar, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, RF-niň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy. Olar myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylanyldy.

Çäräniň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar düýn açyk asmanyň astyndaky ýadygärlik bolan gadymy Amul şäherine baryp gördüler we onuň binagärlik gurluşy bilen tanyşdylar. Bu gadymy şäher Türkmenabat — Kerki awtoulag ýolundan 619 metr uzaklykda, Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Şeýle hem myhmanlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlandylar. Halkymyzyň gadymy ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly maddy-medeni gymmatlyklar — şaý-sepler, haly önümleri, misden, palçykdan we agaçdan ýasalan gap-gaçlar, keteniden tikilen milli lybaslar, saz gurallary, zähmet gurallary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Muzeýiň özboluşly gymmatlygy — Hojapil obasyndan getirilen we 150 million ýyl ýaşy bolan dinozawryň daşa öwrülip giden aýak yzy myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Gezelençlerden soňra, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Forumyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň biri bolan gadymy Amul galasyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi guraldy. Bu gala arheologik we etnografik ýadygärlik hökmünde alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde bu maslahatyň möhüm ähmiýeti nygtalýar.

Biziň umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan hem-de bütindünýä mirasynyň sanawynda mynasyp orun alan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, belent ynsanperwer ýörelgelerimiz asyrlaryň dowamynda ösdürilip, kämilleşdirilip gelinýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň, medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň çägindäki Garagum sährasynda, dag eteklerinde, jülgelerde, derýalaryň gadymy hanalarynyň ugrunda, gowaklarda, gonalgalarda duş gelýän medeniýetleriň galyndylary, taryhy şäherlerdir galalar, ýadygärlikler toplumlary — bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň ylymlary we bilimleri, medeniýetleri hem-de sungatlary özünde jemleýän gadymy mekandygyny subut edýär diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtadylar. Şunda uzak geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Häzirki güne çenli Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologik ähmiýeti bolan tebigy hem-de beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna, wagyz edilmegine gönükdirilen “Dünýä mirasy” atly maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäginde bar bolan köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikleriň aýawly goralyp saklanmagyna uly üns berilýär. Amul galasy hem şolaryň biridir. Maslahatda bellenilişi ýaly, üç ýurduň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäginde ýerleşýän Zerewşan — Garagum geçelgesi ähli ugurlary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadaky esasy bölegi bolupdyr.

Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli hödürnama biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli hereket eden gadymy söwda ýolunyň bu böleginde binagärlik, tehnologiýalar, monumental sungat, şäher gurluşygy pudaklarynda ýokary derejelere ýetilendigini görkezýär. Üç ýurduň wekilleri birnäçe ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin bilelikde uly işleri alyp bardylar. Şeýle giň gerimli taslamanyň türkmen bölegi Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Kerki», «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.

Amul — Merw ýolunyň ugrunda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen türkmen orta asyr şäherleri, galalar, kerwensaraýlar saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlikleriň hatarynda Amul galasy we Kuşmeýhan şäheri, Mansaf rabady, Könegala at-Tahmalaj, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary bar. Çärä gatnaşyjylar türkmen arheologlary tarapyndan bu ýadygärliklerde geçirilen arheologik gözlegleriň we daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde geçirilen ekspedisiýalaryň netijeleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän orta asyr türkmen şäherlerinde maddy medeniýetiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar bilen tanyşdylar. Bu arheologik tapyndylaryň köpüsi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi bölümleriniň birinde görkezilýär.

Orta asyr Amul şäheri — Amulyň hökümdarynyň galasynyň galyndylary häzirki Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýär. Onuň söwda ýolunyň ugrunda ýerleşmegi Amyderýadan geçmek üçin amatly bolupdyr. Gadymy şäher suwly çuň garym bilen gurşalan giň inedördül çig kerpiçden salnan gala bolupdyr. Onuň her tarapynda gije-gündiziň dowamynda goralýan öz derwezesi bolupdyr. Galanyň içinde meýdança, esgerleriň ýatakhanalary, azyk ammarlary, jaýlar we owadan bagly köşk ýerleşipdir. Galanyň günbatar, gündogar taraplary söwdagärleriň, senetçileriň ýaşaýyş jaýlary bilen gurşalypdyr. Amul halkara söwdanyň iň iri merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýerleşip, Günbatardan Gündogara (Merwden Buhara we ondan aňyrlygyna Hytaýa), Demirgazykdan Günorta (Gürgençden Balha we Hindistana) uzaýan kerwen ýollary kesişipdir. Söwda ýollaryndan başga-da, bu ýerden Eýrana, Gündogar Ýewropa barýan ýollar bolupdyr. Söwda bilen birlikde, senetçilik hem ösüpdir.

Häzirki wagtda gymmatly taryhy ýadygärligi emele getirýän galanyň galyndylary saklanyp galypdyr. Bu ýerdäki meýdan işlerini alyp barýan türkmen alymlary we hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde baý arheologik gymmatlyklary öwrenýärler. Olar aýna, keramika bölekleri, sugunyň şekili çekilen terrakota möhüri ýaly köp sanly tapyndylary ýüze çykardylar. Bu ýerdäki ilkinji oturymly ýaşaýyş ýeri kerwen ýollarynyň we Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi esasynda peýda bolupdyr. Amyderýanyň adynyň gelip çykyşy hem gadymy Amul şäheri bilen baglanyşyklydyr.

Çykyşlarda Türkmenistanda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, halkymyzyň ruhy we taryhy tejribesini, türkmen döwletliliginiň möhüm döwürlerini görkezýär. Türkmenistanyň gaýtalanmajak ýadygärlikleriniň — “Gadymy Merwiň”, “Köneürgenjiň”, “Nusaýyň” ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni mirasyna degişli desgalaryň dünýäde örän wajyp ähmiýetli gymmatlyklar hökmünde ykrar edilendigini tassyklaýar. Bu ýadygärlikler türkmen we daşary ýurt alymlaryny özüne çekmek bilen, Türkmenistanyň gadymy şäherleriniň öz wagtynda ýokary derejede ösendigini görkezýär.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy we iri şäherleriniň arasyndaky kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maslahatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu düzümiň çäginde ýurdumyzyň ornuny berkitmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek, maglumatlary alyşmak ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýygnananlar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi, şeýle hem ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge, milli gymmatlyklary wagyz etmäge, ählumumy abadançylygy, rowaçlygy üpjün edýän esasy şert hökmünde netijeli medeni-ynsanperwer dialogy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar gadymy Amul galasynyň we onuň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler.

“Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.