Ï Balkan welaýatynda ýaş şahyrlaryň bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynda ýaş şahyrlaryň bäsleşigi geçiriler

view-icon 2678
Balkan welaýatynda ýaş şahyrlaryň bäsleşigi geçiriler

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynda nobatdaky gezek ýene bir bäsleşik yglan edildi. Welaýat derejesindäki bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guraýar.

«Ylhamly ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda sagat 10:00-da Balkan welaýat kitaphanasynda geçiriler. Bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň tertipnamasynyň düzgünlerini berjaý edýän, agzalykda duran 14–37 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler. Onuň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragyny wasp edip ýazan goşgusyny 3-5 minudyň dowamynda labyzly ýerine ýetirmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijiliginde Magtymguly Pyragynyň tutýan ornuny öz goşgularynyň üsti bilen 3-5 minutda beýan etmeli. Şeýle-de dünýä ýüzünde giňden ykrar edilen meşhur akyldar şahyryň goşgularyna bellenilen wagtda nezire ýazmaly. Ýene-de bäsleşik wagtynda halypalaryň biriniň ýazan goşgusyny 3-5 minutlap dowam etmeli. Mundan başga-da bäsleşige hödürlenýän goşgy ozal hiç ýerde çap edilmedik bolmalydyr.

«Ylhamly ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly bäsleşikde has tapawutlanan ýaş şahyrlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.