Ï Ýurdumyzyň gümrük hünärmenleri uzak aralykdan iň oňat tejribäni öwrenýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň gümrük hünärmenleri uzak aralykdan iň oňat tejribäni öwrenýärler

view-icon 1892
Ýurdumyzyň gümrük hünärmenleri uzak aralykdan iň oňat tejribäni öwrenýärler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilimlerini artdyrmakda uzak aralykdan guralan okuwy peýdalanmakda ÝB-niň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.

Uzak aralykdan öwreniş düşünjesiniň durmuşa geçirilmegi we degişli enjamlary Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna ornaşdyrmak Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMKA) tarapyndan guralan Tehniki tabşyryk wagtynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Riga Tehniki Uniwersitetiniň bilermenler topary gatnaşyjylara işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin uzak aralykdan okuw ulgamyny ulanmagyň aýratynlyklaryny hödürledi.

Bu maksatnama GTS okuw merkezinde uzak aralykdan okuw ulgamyny ornaşdyrmak üçin degişli tehniki enjamlary satyn almak üçin teklipleri işläp düzmek we tehniki çözgütleri beýan etmek üçin niýetlenendir.