26.04.2024
73
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.
26.04.2024
115
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Şu gün Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
26.04.2024
170
Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçirildi
Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
26.04.2024
446
Balkan welaýatynda ýaş şahyrlaryň bäsleşigi geçiriler
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynda nobatdaky gezek ýene bir bäsleşik yglan edildi. Welaýat derejesindäki bäsleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guraýar.
26.04.2024
323
Balkan welaýatynda Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Günbatar sebitde Türkmenistanyň halk bagşysy, halypa mukamçy kompozitor, Türkmenistanyň halk magaryfynyň at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Döwletgeldi Ökdirowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli dürli dabaraly çäreler guraldy. Balkan welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat kitaphanasy hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi tarapyndan geçirilen täsirli çäreler toplumy baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslendi.
26.04.2024
237
Ýurdumyzyň gümrük hünärmenleri uzak aralykdan iň oňat tejribäni öwrenýärler
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilimlerini artdyrmakda uzak aralykdan guralan okuwy peýdalanmakda ÝB-niň iň gowy tejribeleri bilen tanyşdylar.
25.04.2024
1229
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
25.04.2024
1171
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
Sizi «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
25.04.2024
458
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XVI halkara ylmy maslahat geçirildi. Däbe öwrülen forum ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan esasy çäreleriň üstüni ýetirdi.
25.04.2024
1194
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Şu gün Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine saýlawlary geçirmäge taýýarlyk meselelerine bagyşlanyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.