03.08.2026
3958
BMG Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldady: «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi
Şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
03.08.2026
2710
«Halkara hukugy» atly Aşgabat platformasy dörediler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat platformasy dörediler.
01.08.2026
8032
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen ýedi aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
01.08.2026
5784
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
01.08.2026
5225
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Kumamoto prefekturasynda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
01.08.2026
3831
2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda «Arkadag» bilen «Ahal» toparlary bäsleşer
2-nji awgustda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Abraýly kubok üçin döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän «Arkadag» futbol topary bilen «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» topary güýç synanyşar.
01.08.2026
2761
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna ýokary jogapkärçilik bilen taýýarlanýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.
01.08.2026
3988
Türkmen okuwçylary Beýik Britaniýada geçiriljek abraýly «iWISE» bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistandan on sany mekdep okuwçysy «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) atly halkara döredijilik bäsleşigine gatnaşar. Halkara bäsleşik 2 – 7-nji awgust aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Surreý uniwersitetiniň binýadynda geçiriler.
01.08.2026
2323
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli sammitiň gün tertibiniň taslamasyny hödürledi
Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi.
01.08.2026
3025
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda Hindistanyň «Goa» topary bilen bäsleşer
«Arkadag» futbol topary halkara meýdançasyndaky nobatdaky möhüm synagynyň öňüsyrasynda dur. Türkmenistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 ýaryşynyň 2026/27 möwsüminiň deslapky saýlama tapgyrynda öz meýdançasynda Hindistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolan «Goa» topary bilen duşuşyp, toparçalaýyn tapgyryna çykmak ugrunda bäsleşer.