Ï BMG Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldady: «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldady: «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi

view-icon 146
BMG Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldady: «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi

Şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýylyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň täze daşary syýasy üstünligi barada hasabat berdi.

2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama halkara gatnaşyklarda kanunlylygy, adalatlylygy we hukuk kadalarynyň ornuny berkitmäge gönükdirilendir. Bu başlangyjyň biragyzdan goldanmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ýokary abraýyny hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän teklipleriniň örän wajypdygyny subut edýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri Hökümet agzalarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.