Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda şu görnüşdäki nobatdaky forumyň geçiriljek ýeri we senesi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, sammit 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu iri möçberli çärä gatnaşyjylary ýokary derejede kabul etmäge doly taýýardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz: «Ýurdumyz bu ähmiýetli waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, sammitiň netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur işleri amala aşyrýar» diýip belledi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek sammit Merkezi Aziýa döwletleri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn dialogy pugtalandyrmak, sebitara integrasiýany ösdürmek hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip garaşylýar.