15.07.2026
6415
Türkmenistanly talyp gyz Germaniýada DAAD gullugynyň tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Mehatronika we robot tehnikasy» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Çynar Garlyýewa Germaniýada 1–30-njy iýul aralygynda geçirilýän Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) tomusky bilim maksatnamasyna gatnaşýar.
15.07.2026
3731
Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäre geçirildi
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli ýatlama dabarasy hem-de tematiki fotosergi geçirildi.
15.07.2026
3140
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi.
15.07.2026
3452
Türkmenistan Ýokary derejeli syýasy forumda: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleri tizleşdirmek
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar.
15.07.2026
2026
«Tourism Malaysia Almaty»-nyň müdiri Nor Şazli Azmi: «Biz Türkmenistan bilen syýahatçylyk pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy maksat edinýäris»
Paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen ilkinji «Tourism Malaysia» seminar-prezentasiýasy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagynda gatnaşyklaryny özgertmäge goşant goşdy. Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Agentligi bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu çäre turbiznesiň esasy işgärlerini we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.
15.07.2026
1781
Dostluk köprüsi: Aşgabatda «Tourism Malaysia»-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi
14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Tourism Malaysia» agentligi hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan «Tourism Malaysia»-nyň ilkinji tanyşdyryş seminary geçirildi.
14.07.2026
4435
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saýidowy kabul etdi.
14.07.2026
4496
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
14.07.2026
3168
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň duşuşygy geçirildi.
14.07.2026
3501
Jakartada syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda Jakarta şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda duşuşyk geçirildi.