Türkmenistanly mekdep okuwçylary 2–6-njy iýul aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen «Turkic International Mathematical Olympiad – TIMO 2026» halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.
Abraýly bäsleşige 13 ýurtdan mekdep okuwçylary gatnaşdy. Oňa Albaniýadan, Azerbaýjandan, Bolgariýadan, Filippinlerden, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Kosowodan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan ýaş matematikler gatnaşdylar.
Türkmenistanly okuwçylar halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, jemi dört baýraga mynasyp boldular: bir bürünç medala hem-de üç sany «Honorable Mention» (hormat sylagy) baýragyna eýe boldular.

A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ayhan Orazdurdyýew öz ýaş toparynda 56 gatnaşyjynyň arasynda 80 utuk toplap, bürünç medal gazandy.
«Honorable Mention» sylagyna Aşgabat şäherinden Alymuhammet Orazow, şeýle hem Mary şäherinden Aýjeren Muhammetnazarowa we Gülşat Muhammetnazarowa mynasyp boldular.
Halkara olimpiadanyň ýumuşlary çylşyrymly we adaty bolmadyk meselelerden ybarat bolup, olar gatnaşyjylardan diňe bir çuňňur matematiki bilimini däl, eýsem, ösen logiki pikirlenmegi, ünsli bolmagy hem-de dogry çözgüdi çalt tapmak başarnygyny hem talap etdi.