Ï Dostluk köprüsi: Aşgabatda «Tourism Malaysia»-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostluk köprüsi: Aşgabatda «Tourism Malaysia»-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi

view-icon 157
Dostluk köprüsi: Aşgabatda «Tourism Malaysia»-nyň tanyşdyryş seminary geçirildi

14-nji iýulda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Malaýziýanyň Syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministrliginiň ýanyndaky «Tourism Malaysia» agentligi hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan bilelikde guralan «Tourism Malaysia»-nyň ilkinji tanyşdyryş seminary geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjy wekillerini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini bir ýere jemläp, Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, häzirki zaman syýahat ugurlaryny, ulag-logistika çözgütlerini hem-de esasy medeni çäreleriniň meýilnamasyny giňişleýin tanyşdyrmak üçin resmi meýdança boldy.

Tanyşdyryşa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçylary, «Tourism Malaysia» Almaty wekilhanasynyň direktory Nor Şazli Azmi, şeýle hem wideomaslahat arkaly Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin gatnaşdy.

Çäräni açyp çykyş eden Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategik ähmiýetini aýratyn nygtady.

Ol çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan halkara syýahatçylygy ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Onuň bellemegine görä, bu ugurda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlyk möhüm orun eýeleýär. Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň medeniýeti we syýahatçylygy halklary ýakynlaşdyrýan möhüm serişdeler hökmünde görýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem häzirki wagtda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça 220-den gowrak şertnama baglaşylandygy, Malaýziýadan Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanynyň bolsa öňki ýyllar bilen deňeşdirilende birnäçe esse artandygy bellenildi.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin wideo ýüzlenmesinde bu çäräniň iki ýurduň arasyndaky berk dostlugyň we ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga bolan umumy ygrarlylygyň beýanydygyny aýtdy.

Ilçi birnäçe hepde ozal Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine güýçli itergi berendigini belledi. Ýokary derejedäki hökümetara gepleşiklerde medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tanyşdyryş seminarynyň ahyrynda sorag-jogap sessiýasy geçirilip, onuň dowamynda «Tourism Malaysia»-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky geljekki meýilnamalary, şeýle hem Malaýziýanyň syýahatçylyk önümlerini Türkmenistandan gelýän syýahatçylaryň isleglerine laýyklaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräni guraýjylar we oňa gatnaşyjylar Malaýziýany türkmen syýahatçylary üçin has elýeterli, meşhur syýahatçylyk ugruna öwürmek maksady bilen bilelikdäki işlerini mundan beýläk-de işjeň dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.