09.06.2026
3314
Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmegi maksat edinýärler
2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary T.Ioselianiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Şeýle-de duşuşyga “Gruziýanyň demirýollary” PJ-niň Baş Direktory L.Abaşidze gatnaşdy.
09.06.2026
9197
Türkmenistanly karateçiler Manilada geçirilen ýaşlar ligasynyň ýaryşynda altyn we bürünç medal gazandylar
Filippinleriň paýtagty Manilada geçirilen halkara «Karate-1» ýaşlar ligasynyň dünýä tapgyry ýaryşynda türkmenistanly türgenler altyn we bürünç medal gazandylar.
09.06.2026
3732
«KWK» kompaniýasynyň piton derisinden taýýarlaýan aýakgaplary we beýleki önümleri
Türkmenistanyň ýokary hilli aýakgaplary öndürýän «KWK» kompaniýasy «TurkmenTextile Expo – 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasynda öz önümleri bilen tanyşdyrdy.
09.06.2026
2267
Sara B.Rojers: – Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny umumy gymmatlyklar we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri birleşdirýär
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B.Rojersiň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirildi.
09.06.2026
3889
Innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýaşlaryň arasynda geçirilen innowasion tehnologiýalaryň IV bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşik Ylymlar gününe hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna bagyşlandy.
09.06.2026
3248
CTBTO Aşgabatda Milli Maglumatlar Merkezleri üçin Sebitleýin seminaryny açdy
2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosfera fizikasy institutynyň, Türkmenistanyň Milli Maglumatlar Merkeziniň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) hyzmatdaşlygynda Aşgabatda Milli maglumatlar merkezleri üçin sebitleýin seminar we giňişleýin okuw sapaklary açyldy.
09.06.2026
6963
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Yragyň, Tailandyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary 2027-nji ýylyň futbol boýunça Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) garşydaşlary boldy. Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçirilen bije çekişligiň netijeleri şeýle boldy.
09.06.2026
4766
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde 18 – 34 ýaş aralygyndaky dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.
08.06.2026
3931
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
08.06.2026
3736
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (СTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdy kabul etdi.