Ï Sara B.Rojers: – Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny umumy gymmatlyklar we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri birleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sara B.Rojers: – Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny umumy gymmatlyklar we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri birleşdirýär

view-icon 625
Sara B.Rojers: – Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny umumy gymmatlyklar we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri birleşdirýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara B.Rojersiň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirildi.

Çärä gatnaşanlara ýüzlenip amerikaly myhman gyzgyn garşy alynma üçin hoşallyk bildirdi we saparyň gyzykly maksatnamasynyň özünde galdyran täsirini paýlaşdy.

Çykyşynda Sara B.Rojers ABŞ-nyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän üstünlikli bilim taslamalaryna aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä şeýle başarjaňlyklaryň kömegi bilen Türkmenistanyň kämil derejede iňlis dilini bilýän raýatlarynyň sany artýar.

-Men bilelikdäki maksatnamalaryň birnäçesiniň uçurymlary bilen tanşanyma örän şat boldum. Bu duşuşyk meniň Türkmenistanda geçiren iň ýakymly we ruhlandyryjy pursatlarymdan biri boldy- diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary belläp geçdi.

Amerikaly diplomat onuň jemgyýetçilik diplomatiýa ulgamynda işiniň özeniniň daşary ýurtly jemgyýet bilen gönümel gatnaşygy galtaşdyrmak we berkitmek ýollaryny gözlemekden ybaratdygyny, ol işiniň esasy wezipesi bolsa geografik we medeni araçäklerine garamazdan birleşdirýän umumy gymmatlyklary tapmakdygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy barada aýtmak bilen Sara B.Rojers iki döwletiň halklarynyň arasyndaky düýpli meňzeşliklere üns çekdi.

-Tapawutlaryna garamazdan Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän esasy gymmatlyk – bitaraplyk ruhuna goýulýan çuňňur hormatdyr, bu bolsa iki ýurduň aýrylmaz milli meňzeşligi bolup durýar- diýip, Sara B.Rojers aýtdy.

Iki döwletiň özara baglanyşygynyň örän tiz ösüşini myhman wajyp döwür hökmünde häsiýetlendirdi. Öz saparynyň çygrynda Sara B.Rojers Türkmenistanyň esasy edaralarynda – Daşary işler ministrliginde, Medeniýet ministrliginde we Bilim ministrliginde möhüm duşuşyklar geçirdi.