22.08.2025
4548
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.
22.08.2025
9829
Aşgabatda türkmen mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekorduny goýdular
Paýtagtymyzda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde 21-nji awgustda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşikler guraldy.
22.08.2025
7987
Orazgeldi Amangeldiýew: türkmen kinematografiýanyň ussady
Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýewiň döredijiligi, geçen asyryň ahyrynda diňe türkmen kino sungatynda däl, eýsem, Özbegistan we Gazagystan kinematografiýa sungatynyň ýyldyzy bolýar. Ýakynda ajaýyp artistiň aradan çykandygy bilen baglanyşykly gynançly habar alyndy. Muňa garamazdan, onuň ady Türkmenistanyň teatr sungatynyň hem-de kinematografiýanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
21.08.2025
8169
Aşgabatda çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.
21.08.2025
6179
Ýurdumyzyň bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün edilýär
Däp bolşy ýaly, şu ýylyň mekdep bazarlarynyň ýokary hilli ýerli önümler bilen üpjün edilmeginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň ussat tikinçileri hem mynasyp goşant goşdular. Olar umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylary üçin dürli görnüşli geýimleriň uly tapgyryny taýýarladylar.
21.08.2025
8733
«Altyn asyr» topary «Ahal» toparyndan ýaryş tertibinde öňe geçmek mümkinçiligini elden gidirdi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistan çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary bilen «Ahal» topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.
21.08.2025
5804
ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi.
21.08.2025
5052
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.08.2025
4433
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi bilen Malaýziýanyň Senatynyň Başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Kuala-Lumpur şäheriniň Parlament binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Senatynyň Başlygy Senator Dato Awang Bemee Bin Awang Ali Basahynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
21.08.2025
4221
Duşanbe şäherinde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A.Goçmyradow Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizoda bilen duşuşdy.