Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 123

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa  

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi adamlaryň kalbyny mähir, şatlyk, bagtyýarlyk we ýagty geljege bolan umyt bilen doldurýan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Belarus Respublikasy bu baýramyň esasy ýörelgeleri bolan özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan bilen dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Döwletara dialogyň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlarymyzyň raýatlarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de hyzmat etjekdigine hem-de Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, güýç-kuwwat we jogapkärli işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Oraza baýramy mynasybetli Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.