Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda bagtyýar raýatlarymyz bilen geçirilýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda bedew batly ösüşlerimizi, türkmen dünýäsiniň ajaýyplyklaryny beýan edýän döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar zamananyň ruhy dünýäsiniň manyly mazmunyny emele getirýär.

Şeýle hem türkmen edebiýatynda ajaýyp eserleri bilen öçmejek yz goýan halypa ýazyjy-şahyrlary hatyralamak, olaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Oňa mysal hökmünde Lebap welaýatynda görnükli döredijilik we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan» ady bilen geçirilen täsirli çäreleri hem-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň we halypa şahyr Almaz Seýitmyradowyň doglan günleriniň 90 ýyllygy mynasybetli geçirilen döredijilik duşuşyklaryny görkezmek bolar.

Türkmenabat şäheriniň täze, döwrebap medeniýet öýünde manyly eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşy alnan ussat ýazyjy-şahyrlar Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ö. Möwlamowyň hem-de halypa şahyr A. Seýitmyradowyň doglan günleriniň 90 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýubileý dabaralarynyň has-da täsirli geçendigini bellemek bolar. Ýurdumyzyň belli döredijilik işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, ýubileý dabarasy bellenilýän halypa şahyrlaryň dogan-garyndaşlarynyň, bile işleşen egindeşleriniň, eserleriniň muşdaklarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen dabara berkarar Diýarymyzda ömrüni edebi döredijilige bagyşlan ussat ýazyjy-şahyrlarymyza goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasyna öwrüldi.

Ýubileý dabarasynyň bu halypa ýazyjylaryň ömrüni we döredijilik ýoluny öz içine alýan wideoşekilli görnüşler bilen başlanmagy bu ýere ýygnananlary hakydalar dünýäsine alyp gitdi. Dabaranyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Akmyrat Rejepow, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri, ýazyjy Akmyrat Abdullaýew, şahyr Esen Çaryýew we beýlekiler edebiýatymyzyň taryhynda özboluşly döredijiligi bilen aýratyn yz goýan ýazyjy Öwlüýäguly Möwlamowyň hem-de şahyr Almaz Seýitmyradowyň türkmen halkynyň ynsanperwerlik, halallyk, zähmetsöýerlik, Watany söýmek ýaly mukaddesliklerini, türkmen tebigatynyň gözelliklerini özünde jemleýän eserleri barada aýratyn durup geçdiler.

Ýazyjy Ö. Möwlamowyň «Daň sazy», «Borç», «Ýekäniň çaňy», «Kesapat» powestleri, Abdyrahman Zynhary baradaky «Pygan» eseri, «Saýlanan eserleriniň» iki tomlugy, Gündogaryň nusgawy edebiýatyna gol berip döreden beýik adamkärçilik, ynsan ahlagy, ruhy gözellik ýaly ýörelgeleri özünde jemleýän çuňňur mazmunly gazallary, şahyr A. Seýitmyradowyň «Arzuwym sensiň» hem-de «Ak sähere barýaryn» atly goşgular ýygyndylary, «Gunça», «Daň şapagy», «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Garagum gülleri», «Al-elwan güller» ýaly köpçülikleýin ýygyndylarda çap edilen eserleri okyjylar tarapynda gyzgyn garşylanandygyny çykyş edenler nygtap bellediler. Halypa ýazyjylaryň dogan-garyndaşlarynyň, döredijilik gatnaşygynda bolan egindeşleriniň ýakymly ýatlamalary hem beýik adamkärçilik sypatlary, pespällik, sadalyk ýaly ynsan bezegine öwrülýän häsiýetleriniň eserlerine siňendigi baradaky ýatlamalary aýratyn tolgundyryjy boldy. Ýubileý dabarasynyň dowanda Türkmenistanyň at gazanan artistleri Çynar Jumaýewanyň, Myrat Orazmuhammedowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Azat Didarowyň we beýleki sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, degişme sahnalary çuňňur mazmunly dabara aýratyn bezeg berdi.

Ýurdumyzyň belli döredijilik işgärleriniň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäherinde, welaýatyň Dänew etrabynda hem-de Saýat etrabynyň Sakar şäherinde geçirilen »Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu ýerlerde bagtyýar zamanamyzyň nusgalyk keşbi baradaky edilen çykyşlar, döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, sungat ussatlarynyň şagalaňly çykyşlary bu ýere ýygnanlaryň kalplarynda öçmejek duýgular döretdi.