27.05.2026
1745
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi dünýä halklaryny parahatçylygyň we ynsanperwerligiň belent maksatlarynyň daşynda birleşdirýän Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana baýrama bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzda mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
27.05.2026
1583
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan Gurban baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
26.05.2026
1575
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylyk hereketi zerarly gynanç hatyny iberdi.
26.05.2026
1131
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisindäki ÇYKYŞY
Ilki bilen, sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gurban baýramy günlerinde okaljak aýat-töwirler, ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
26.05.2026
2715
Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
26.05.2026
2603
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly üýtgewsiz ýörelgeler arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli strategiýanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.
26.05.2026
1329
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory Simonetta Siligato bilen duşuşygy geçirildi.
26.05.2026
1542
Türkmen wekiliýeti Tatarystanda XIV halkara mugallymçylyk forumyna gatnaşdy
20 – 21-nji maýda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde (Russiýa Federasiýasy, Tatarystan Respublikasy) «Bilim: anyk ýagdaýlar we mümkinçilikler» atly XIV halkara açyk mugallymçylyk forumy geçirildi.
26.05.2026
762
Molla Nasreddin – dürli ýurtlara degişli alty kinostudiýada surata düşürilen filmiň gahrymany
«Molla Nasreddin – gara günüňde hemdem» atly halkara çeper film türki halklaryň umumy gymmatlyklaryny we gadymdan gelýän paýhasyny degişmeler arkaly açyp görkezýär. Filmiň edebi esasyny ýazan we ony goýan režissýor Azerbaýjanyň halk artisti Wagif Mustafaýew. Režissýoryň aýtmagyna görä, Molla Nasreddin diňe bir degişme ýa ýomak bolman, eýsem, jemgyýetiň derdine çeper seslenmäniň nyşanydyr, şonuň üçin bu keşbi ekrana geçirmek biziň üçin uly jogapkärçilik we ahlak borjumyzdyr.
26.05.2026
1191
Aşgabatda biotehnologiýa ösüşiniň ykdysady ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Halkara ylmy- tehnologiýa parkynda «Türkmenistanda biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşiniň ykdysady ähmiýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çärä öňdebaryjy alymlar we aspirantlar gatnaşdylar.