«Mäkäm» hususy kärhanasynyň işgärleri Daşoguz şäheriniň «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän 240 orunlyk täze çagalar bagyny gurup, ulanmaga berdiler. Täze desganyň umumy meýdany takmynan iki ýarym gektara deňdir. Mekdebe çenli çagalar edarasynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Şol sanda olara daşary ýurt dillerini öwretmek, hereketli oýunlary oýnamak, döredijilik bilen meşgullanmak hem-de kompýuter tehnikasyndan peýdalanmak başarnyklaryny öwretmek üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.
Çagalar bagynyň iki gatly binasynda 12 topar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär. Olaryň her birinde egin-eşik çalşylýan otag, nahar paýlamak üçin niýetlenen bölüm, oýun otagy we ýatylýan otag bar. Şeýle hem bu ýerde aýdym-saz zaly, suwda ýüzmek üçin ýapyk howuz, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk işgärleri üçin otaglar, kir ýuwulýan bölüm we aşhana ýerleşýär.
Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde beton örtükli ýodalar çekildi, arassa howada dynç almak we oýun oýnamak üçin tomusky eýwanlar, oýun meýdançalary, çäge meýdançalary, gök önümleri we ir-iýmişleri ekmek üçin niýetlenen meýdança, hojalyk meýdançasy hem-de dürli maksatly beýleki zerur desgalar guruldy.
Şäheriň çalt depginler bilen ösýän bu ýaşaýyş toplumynda ozal hem döwrebap çagalar bagy we umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berlipdi. Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ilatyň isleglerini we zerurlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, Daşoguz welaýatynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şeýle hem welaýatda ozaldan hereket edýän käbir edaralaryň binalaryny häzirki zaman standartlaryna laýyk getirmek, olary okuw-terbiýeçilik işinde zerur bolan ähli enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek maksady bilen durkuny täzelemek işleri geçirildi.