Ï Aýdym adam bilen galýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýdym adam bilen galýar

view-icon 92
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
Aýdym adam bilen galýar
camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda konserwatoriýanyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, dosent, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýuriý Gurgеnowiç Sarkisowyň 80 ýaşynyň dolmagy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.

Talyp orkestriniň sazy bilen Ýuriý Gurgеnowiç zala girdi. Ony agşamyň myhmanlary gül çemenleri bilen garşyladylar. Ýuriý Sarkisow gysgaça çykyşynda öz artistlik we mugallymçylyk işine bildirilen üns üçin ýygnananlara hoşallyk bildirdi. Şondan soň Ýuriý Sarkisowyň şägirtlerinden düzülen topar hem zala girdi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Bibijemal Amanowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, Hasan Jumaýew, tanymal aýdymçylar Nury Nuryýew, Bahar Durdyýewa, Begenç Gaýypow we beýlekiler bar.

Ýuriý Sarkisow N. A. Rimskiý-Korsakow adyndaky Leningrad döwlet konserwatoriýasynyň uçurymydyr. Türkmenistana dolanyp geleninden bäri ýaş zehinleri terbiýelemek onuň durmuşynyň esasy manysyna öwrüldi.

Zalda goýlan monitorda Ýuriý Sarkisowyň durmuşyny beýan edýän reňkli we ak-gara fotosuratlar görkezildi. Dosent Ýelena Osipowa onuň sahnadaky çykyşlary, bäsleşiklerde gazanan ýeňişleri, dostlary we meşhur şahsyýetler bilen gatnaşyklary, şeýle-de onuň şägirtleriniň daşary ýurtlardan ýubileýi mynasybetli iberen gutlaglary barada gürrüň berdi.

Aýdym-saz işiniň ýany bilen Ýuriý Sarkisow özüni alym hökmünde hem tanatdy. Ol üç dilde terminologik sözlük ýerleşdirilen «Gysgaça saz ensiklopediýasy» eseriniň awtorydyr. Şeýle hem ol Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň türkmen kompozitorlarynyň eserlerine täsirini öwrenýär.

Ýuriý Sarkisowyň şägirtleri tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konserti Arno Babajanyň «Elegiýa» eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen özboluşly manyda açyldy.

Agşamyň maksatnamasynda Weli Muhadowyň «Kemine we kazy» operasyndan Kazynyň ariýasy konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Atamyrat Nurgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Şeýle hem dünýä nusgawy sazynyň ajaýyp eserleri – Frans Şubertiň «Bagt» eseri, Aram Haçaturýanyň «Wagharşapat tansy», Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň «Don Žuanyň serenadasy» we beýlekiler ýerine ýetirildi.

Gurban Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kamera hor topary gadymy aýdym-sazyny täsirli ýerine ýetirip, ýubileý eýesini-de, agşamyň myhmanlaryny-da tolgundyrdy.

Döredijilik agşamynyň täsirli jemleýji pursady bolsa zaldaky ähli aýdymçylaryň bilelikde Arkadiý Ostrowskiniň «Aýdym adam bilen galýar» atly eserini ýerine ýetirmegi boldy. Bu eser şeýle dabaraly we manyly pursat üçin diýseň ýerlikli saýlanypdy.

Şeýle-de sungat agşamynda Wladimir Mkrtumow, Ýekaterina Darçiýa, Nazar Arslanow, Merjen Aýdogdyýewa we Şemşat Amannepesowa çykyş etdiler.