mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34278 makala tapyldy
news-photo

05.11.2026

total-veiw

1142

Parižde Marten Buiga Türkmenistanyň ýubileý medaly gowşuryldy

2026-njy ýylyň 2-nji noýabrynda Pariž şäherinde Fransiýanyň «Bouygues» toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Marten Buiga Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

news-photo

05.11.2026

total-veiw

644

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Gol Gohar» toparyny ýeňdi

Ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik edýän «Arkadag» toparynyň futbolçylary ikinji ýeňşini gazanyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykmak ugrunda möhüm ädim ätdiler. Toparçalaýyn tapgyryň dördünji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň häzirki çempiony Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

news-photo

05.11.2026

total-veiw

629

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşýarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary 3–6-njy noýabr aralygynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde geçirilýän Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji umumy maslahatyna gatnaşýar.

news-photo

05.11.2026

total-veiw

1109

Milli pedagogik mirasyň köp asyrlyk taryhy baradaky kitap

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» atly köp jiltli neşiriň birinji jildi neşir edildi.

news-photo

05.11.2026

total-veiw

1026

Hytaýyň Fujou şäherinde halkara forum geçirildi

3-4-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Fujou şäherinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň «Bir guşak, bir ýol—2026» halkara hyzmatdaşlyk forumy geçirildi.

news-photo

04.11.2026

total-veiw

1645

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy.

news-photo

04.11.2026

total-veiw

1228

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Şu gün biz ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys.

04.11.2026

total-veiw

1508

Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümçilikleri ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň himiýa pudagynyň eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


news-photo

04.11.2026

total-veiw

1260

Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

news-photo

04.11.2026

total-veiw

1237

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşygy geçirildi.

...3428