Ï «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Gol Gohar» toparyny ýeňdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Gol Gohar» toparyny ýeňdi

view-icon 52
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Gol Gohar» toparyny ýeňdi
camera-icon
AFC

Ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik edýän «Arkadag» toparynyň futbolçylary ikinji ýeňşini gazanyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykmak ugrunda möhüm ädim ätdiler. Toparçalaýyn tapgyryň dördünji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň häzirki çempiony Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk Arkadag şäherindäki 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadionda geçirildi. Toparymyza ýeňiş getiren goly 77-nji minutda Ahmet Ataýew geçirdi. Duşuşygy Malaýziýadan bolan FIFA-nyň emini Razlan Joffri Bin Aliniň ýolbaşçylygyndaky eminler topary dolandyrdy.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap, janköýerleriň goldawy astynda hüjüme geçdiler we eýýäm 4-nji minutda Resul Hojaýew derwezäniň ýokarsyndan ilkinji zarbany urdy. Myhmanlar 19-njy minutda Omid Alişahyň howply hüjümi bilen jogap berdiler, emma «Arkadag» toparynyň derwezebany Kakageldi Berdiýew pökgini saklap öz toparyny halas etdi. Tiz wagtdan «Arkadag» topary iki sany howply pursat döretdi: Ýazgylyç Gurbanowyň urgusyndan soň, Resul Hojaýew kellesi bilen derwezäniň ugrundan pökgini ugrukdyrdy, arakesmäniň öňüsyrasynda bolsa onuň ýene bir zarbany urmagy netijesinde pökgi derwezäniň golaýyndan geçdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Arkadag» toparynyň hüjümleri dowam etdi. 56-njy minutda «Gol Gohar» toparynyň derwezebany Farzin Garusian Daýanç Meredowyň urgusyndan öz toparyny halas etdi, biraz wagtdan soň Alireza Alizade ýarym goragçynyň ikinji synanyşygynyň öňüni aldy, 64-nji minutda bolsa Resul Hojaýew ýakyn aralykdan pökgini derwezäniň ýokarky tarapyna degirdi.

Duşuşygyň ykbaly 77-nji minutda çözüldi: Arzuwguly Sapargulyýewiň jerime meýdançasyna pökgi geçirmeginden soň, myhmanlaryň goragçylary pökgini şowsuz yza gaýtardylar, Şanazar Tirkişow bolsa ony Ahmet Ataýewe geçirdi. «Arkadag» toparynyň kapitany jerime meýdançasynyň içinden çep aýagy bilen güýçli urup, pökgini tora girizdi. 84-nji minutda A. Sapargulyýew hasaby iki esse artdyryp bilerdi, ýöne F. Garusian pökgini aýaklary bilen yza gaýtarmagy başardy. «Arkadag» toparynyň garşydaşy – iri dag-magdan kompaniýasyna wekilçilik edýän Eýranyň Sirjan şäheriniň «Gol Gohar» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyndaky ilkinji möwsümini örän şowsuz geçirýär. Topar Eýranyň çempionatynda 10-njy orny eýeleýär we «B» toparçasynyň ýaryş tertibinde 2 utuk bilen iň soňky ýerde barýar. Sebitdäki ýagdaýlar sebäpli bolsa «Gol Gohar» topary öz meýdançasyndaky duşuşyklaryny Täjigistanyň Hissar şäherinde geçirmeli bolýar. Eýranlylar ol ýerde mundan ozal BAE-niň «Al-Jazira» we «Arkadag» toparlary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şol bir wagtyň özünde Bahreýniň Riffa şäherindäki milli stadionda 3 müň 167 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda «Al-Jazira» topary ýerli «Al-Muharrak» toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Ýaponiýaly emin Rýo Tanimotonyň gatnaşmagyndaky oýunda urgylaryň hemmesi ikinji ýarymda girizildi – Winisius Melo (63-nji minut), Bruno de Oliweýra (69-njy minut) we Igor Serrote (90+4-nji minut) tapawutlandylar.

Mundan ozal «Arkadag» topary öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyny 1:0 hasabynda ýeňipdi. Täze ýeňişiň netijesinde «Arkadag» topary 7 utuk toplap, «B» toparçasynda ikinji orny eýeledi we «Al-Muharrak» (3 utuk) hem-de «Gol Gohar» (2 utuk) toparlaryndan öňe saýlandy. Birinji orny bolsa 1/8 finala çykmagy eýýäm kepillendiren «Al-Jazira» topary (10 utuk) eýeleýär.

Utulan-çykdy tapgyryna berilýän ikinji petek ugrundaky ýaryşy Wladimir Baýramowyň şägirtleri jemleýji tapgyrlarda dowam etdirerler: 25-nji noýabrda «Arkadag» topary myhmançylykda «Al-Muharrak» topary bilen duşuşar, 9-njy dekabrda bolsa öz meýdançasynda «Al-Jazira» toparyny kabul eder.

1/8 finalyň duşuşyklary 2027-nji ýylyň 9 – 18-nji fewraly aralygynda geçiriler.