Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşýarlar

view-icon 3
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň maslahatyna gatnaşýarlar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary 3–6-njy noýabr aralygynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde geçirilýän Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji umumy maslahatyna gatnaşýar.

Bu halkara maslahata bilim-ylym pudagynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we dünýäniň dürli ýurdundan halkara bilermenler gatnaşdylar.

Umumy maslahatda ýokary bilimi ösdürmek, bilim ulgamyna emeli aňy we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, uniwersitetleriň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki orny, şeýle hem halkara akademiki hyzmatdaşlygy artdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşýanlaryň öňünde Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň baş sekretary Iligýe Wan't Land çykyş edip, assosiasiýanyň 2023 – 2026-njy ýyllar aralygynda amala aşyran işleri barada jikme-jik hasabat berdi.

Bu halkara çärä Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy milli bilim ulgamynyň halkara derejesinde bäsdeşligini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri amal etmäge uly goşant goşar.

Bu duşuşyk öňdebaryjy daşary ýurt uniwersitetleri bilen gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak, talyplar we mugallymlar üçin akademiki mobillik boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki ylmy taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler döredýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdebiniň Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasydygyny ýatladýarys. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, häzirki iş saparynyň dowamynda birnäçe gezek ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we geljekki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi.