17.12.2025
4273
Türkmenistanyň DIM-nde «FIT International» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.
17.12.2025
3069
Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi.
17.12.2025
3557
Türkmenistanly talyp gyzlar nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
4 – 8-nji dekabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasy geçirildi. Ol Hohaý uniwersiteti tarapyndan guraldy.
17.12.2025
2005
Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibine goldaw berildi
Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşan döwlet hem-de hökümet Baştutanlary tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu goldaw forumdan soň kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda beýan edildi.
17.12.2025
3381
Täze ýyl baýramynyň şowhunlary
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda köp sanly baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Her gün «Berkarar» we «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezlerinde senetçilik ýarmarkalary guralýar, bu ýerde owadan arça bezeglerini, özboluşly oýunjaklary we baýramçylyk sowgatlaryny satyn alyp bolýar.
17.12.2025
2454
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekdäki öňbaşçylygy ykrar edildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli wekilleri — döwlet we hökümet Baştutanlary halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni yzygiderli ilerledýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar etdiler. Bu barada maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.
17.12.2025
3492
Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berildi
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşyjylar — döwlet we hökümet Baştutanlary Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk konsepsiýasyny işläp düzmäge hem-de köpçülikleýin parahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjesini kemala getirmäge gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdiler. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenildi.
17.12.2025
1477
Gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini aradan aýyrmakda dünýä jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini makulladylar
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli wekilleri – döwlet we hökümet Baştutanlary – parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini we işiniň dowam etdirilmegini, şeýle hem gapma-garşylyklaryň öňüni almakda hem-de ynsanperwer meseleleri çözmekde bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyny makulladylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda aýdylýar.
17.12.2025
3284
Halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistana hoşallyklaryny bildirdiler
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylar gender deňligi, özara düşünişmek we durnukly ösüş ideýalaryny yzygiderli öňe sürmäge goşýan goşandy üçin Türkmenistana hoşallygyny bildirdiler. Bu barada maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminamada bellenilýär.
17.12.2025
2425
Aşgabat Jarnamasy: emeli aň parahatçylyga, gepleşige we durnukly ösüşe ýardam etmelidir
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşyjylar – döwlet we hökümet Baştutanlary – sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ahlak taýdan ulanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.