Ï Walentina Matwiýenko O. Atabaýewanyň halkara zenanlar forumlaryny taýýarlamakda we geçirmekde goşan uly goşandyny belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Walentina Matwiýenko O. Atabaýewanyň halkara zenanlar forumlaryny taýýarlamakda we geçirmekde goşan uly goşandyny belledi

view-icon 166
Walentina Matwiýenko O. Atabaýewanyň halkara zenanlar forumlaryny taýýarlamakda we geçirmekde goşan uly goşandyny belledi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy boldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin geldi.

Duşuşygyň dowamynda Walentina Matwiýenko häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigini belledi. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeldýärler. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar berk dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet derejesinde ýola goýlan netijeli we dostlukly gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär.

Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Awazada halkara zenanlar dialogynyň geçirilmeginde çuňňur many bardygyny aýtdy. Munuň özi Türkmenistanda zenanlaryň zähmetine we ösüş ýollaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

Şunuň bilen baglylykda, Walentina Matwiýenko Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän halkara çäreleriň guramaçylykly we netijeli häsiýete eýe bolmagynda mynasyp paýynyň bardygyny belledi.