02.02.2026
2143
Ýaş küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň çempionlary kesgitlendi
Ýurdumyzda 8, 10, 12, 14, 16 we 18 ýaş toparlaryndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatyndan takmynan 500 töweregi ýaş türgen gatnaşdy.
02.02.2026
2045
Türkmenistan we Katar ylym, bilim we atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitdiler
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Kataryň Atçylyk sporty federasiýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdylar.
02.02.2026
2521
Türkmenistanyň talyplary Buharada himiýa we matematika boýunça geçirilen halkara olimpiadalarda 46 medal gazandylar
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 25 – 28-nji ýanwar aralygynda Buhara döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda (BIMO-2026) we halkara himiýa olimpiadasynda (BIChO-2026) ajaýyp netijeleri görkezdiler.
02.02.2026
3335
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
Ýurdumyzda fewral aýynyň başynda birnäçe günläp dowam etjek maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň ortasyndan başlap, ýurdumyzyň çäkleriniň agramly böleginde ygalyň bolmagyna garaşylýar.
02.02.2026
2832
Daşoguz welaýaty bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýär
Şu ýyl güýzlük bugdaýyň hemme ýerde birmeňzeş gögeriş bermegi Daşoguz welaýatynyň gallaçylarynda gowy netijeleriň alynjakdygyna ynam döredýär.
02.02.2026
2580
Türkmen mekdep okuwçylarynyň işleri «Çäksiz sungat» atly ýapon sungat sergisinde görkezildi
2026-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Tokio şäheriniň Milli sungat merkezinde «Çäksiz sungat» atly mekdep okuwçylarynyň surat sergisine gatnaşyjylara minnetdarlyk hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
02.02.2026
2388
Kämil bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça okuw-usuly maslahat geçirildi
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgeler esasynda watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler, şol sanda okuw-usuly maslahatlar we beýleki dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.
02.02.2026
2793
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
01.02.2026
3141
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny, olaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ykdysady öňegidişligiň üpjün edilmegine, halkyň abadan durmuşyna gönükdirilendigini tassyklaýan wakalara baý boldy.
01.02.2026
3698
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär.