Şu gün Ykdysadyýet toplumynyň mejlisler zalynda “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri, milli ykdysadyýeti innowasion esasda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurt abadançylygy, jemgyýetiň agzybirligi we ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýänligi bilen maýa goýumlar üçin özüne çekiji ýurt hökmünde dünýäde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda milli ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça döwrebaplaşdyrmaga, onuň pudaklaýyn düzümini yzygiderli diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagat-innowasion häsiýetli, döwrebap maglumat-kommunikasiýa ulgamly ösüşe geçmäge gönükdirilen özgertmeler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurdaky işler mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Ýurdumyz DÖM-niň aýry-aýry görkezijilerine ýetmek boýunça ýokary netijeleri gazandy we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, sanly ulgamy ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň netijelerini ýeňilleşdirmek, daşky gurşawy goramak, ykdysady syýasatyň durmuş ulgamyna gönükdirilen, raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy we döwletiň gülläp ösmegini göz öňünde tutýan ugruny çuňlaşdyrmak boýunça çäreleri geçirmegi işjeň dowam etdirýär.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, gurluşyga, ulag ulgamyna, maglumat tehnologiýalaryna, telekommunikasiýalara aýratyn üns bermek bilen, täze taslamalary durmuşa geçirmek ykdysady syýasatyň strategik ugry bolup durýar. Şu maksatlara ýetmek üçin pul-karz we salgyt-býujet syýasatynyň ornuny güýçlendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge, maýa bazaryny ösdürmäge, makroykdysady düzgünleşdiriş institutlaryny kämilleşdirmäge, hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen işler amala aşyrylýar.
Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna yzygiderli eýerýär. Ýurdumyz döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde oňyn başlangyçlar bilen çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň iri geňeşleriniň we komissiýalarynyň agzalygyna yzygiderli saýlanmagy ýurdumyzda ynsanperwer durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, onuň halkara jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygyny görkezýär. Türkmenistan birnäçe ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň, Ilat we ösüş komissiýasynyň agzalygyna saýlanyp gelýär.
Ylmy-amaly maslahatdaky çykyşlarda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde amala aşyrylýan maliýe özgertmeleriniň bank ulgamynyň berk binýadyny döretmäge, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy berkitmek arkaly türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge uly ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. Bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň yzygiderli ösüşini gazanmak wajypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bank ulgamy tarapyndan halkara tejribelere esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Sanly gurşawyň döredilmegi we ösdürilmegi jemgyýetçilik ösüşinde birnäçe oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Sanly özgertmeleriň ýokary depginde ösmeginiň netijesinde emeli aň tehnologiýasy durmuşymyzyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Emeli aňyň milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy önümçiligiň gerimini, söwda gatnaşyklaryny ilerletmäge, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, tutuş ykdysadyýetiň bäsdeşligine ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder.
Ylmy-amaly maslahatda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde blokçeýn, maliýe tehnologiýalary, bulutlaýyn hasaplamalar we zatlaryň interneti (IoT) ýaly innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda ykdysadyýetde täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş usullary peýda bolýar. Ykdysadyýete innowasion tehnologiýalaryň mundan beýläk-de üstünlikli ornaşdyrylmagy raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň çig mal, ylmy-tehniki, zähmet gorlaryny netijeli peýdalanmakda, halkymyzyň aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Maslahatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, biodürlüligi saklamak hem-de rejeli peýdalanmak babatda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdyldy. Şunda sanly tehnologiýalaryň, «ýaşyl» başlangyçlaryň utgaşdyrylmagy-da zerurdyr. Bu ugurdaky işleriň üstünlikli mysaly hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäherini görkezmek bolar.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny tehnologik taýdan ösdürmegiň wezipelerini durmuşa geçirmekde hususy pudaga aýratyn orun berilýär. Telekeçilige hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň berilmegi bilen, ýurtda öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň möçberi artýar, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýy ýokarlanýar.
Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.