18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 81-nji sessiýasyndaky ileri tutulýan garaýyşlaryna, şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalar departamentiniň başlygy Röwşen Annaberdiýew Türkmenistanyň toplumlaýyn garaýşyny beýan edýän giňişleýin nutuk bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň öňümizdäki sessiýadaky daşary syýasat başlangyçlary bäş esasy ugur boýunça kemala getirilipdir.

Olar parahatçylyk, howpsuzlyk we Bitaraplyk; durnukly ösüş we ulag; energetika, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak; ynsanperwer hyzmatdaşlyk; halkara hukugy we BMG bilen hyzmatdaşlygy ýaly ugurlardyr.
Bellenilişi ýaly, halkara durnuklylygy üpjün etmegiň çäklerinde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ozal kabul edilen kararnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini dowam etdirer. Bu işde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyna möhüm orun berilýär.

«Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hem-de “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamalaryň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň iň iri başlangyçlarynyň biri hem ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasy bolmagynda galýar», diýip R. Annaberdiýew aýtdy.
Çykyşda emeli aň (EA) tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegine hem aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrliginiň wekili diplomatiýa, çökgünlikleri seljermek we irki duýduryş ulgamlaryna degişli ugurlarda emeli aňyň ýokary mümkinçiliklerini belläp, şol bir wagtyň özünde maglumatlaryň howpsuzlygy, döwletleriň özygtyýarlylygy we adamyň gözegçiligi bilen bagly töwekgelçiliklere hem ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanylmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär.
«Şeýle resminama öňüni alyş diplomatiýasynda, araçylykda we gepleşiklerde emeli aňdan peýdalanmagyň ylalaşylan halkara standartlaryny we ahlak ýörelgelerini berkidip biler», diýip, çykyş eden wekil sözüniň üstüni ýetirdi.
Ulag arabaglanyşygyny durnukly ösüşiň we ykdysady integrasiýanyň binýady hökmünde göz öňünde tutup, Türkmenistan türkmen tarapynyň başlangyjy bilen öňe sürlen Türkmenistanyň 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulag boýunça onýyllygy baradaky başlangyjyna aýratyn üns berýär.
Şu maksatnamanyň çäklerinde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek teklip edilýär.
«Onýyllygyň çäklerinde ýurdumyz Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirmegi teklip edýär. Biz ony halkara ulag geçelgelerini ulgamlaýyn görnüşde görkezmäge, özara arabaglanyşygyň derejesine baha bermäge we Onýyllygyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge ýardam berjek köpugurly wizual-seljeriş gural hökmünde görýäris», diýip, departamentiň ýolbaşçysy aýtdy.
Ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ugurda Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri suw we azyk howpsuzlygy bilen utgaşdyrýan toplumlaýyn çemeleşmä eýerýär.
Bu ugurda Türkmenistan täze amaly ädimler hökmünde iki sany möhüm başlangyjy öňe sürýär.
«Täze başlangyçlaryň biri köptaraplaýyn özara gatnaşyklaryň hemişelik hereket edýän görnüşini — Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky teklipdir. Bu meýdançanyň howa gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygy institusional taýdan berkitmäge, tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmegine garaşylýar.
Ikinji başlangyç gurak we suw ýetmezçilik edýän sebitleriň howa üýtgemelerine durnuklylygyny pugtalandyrmak bilen baglydyr. Bu başlangyç gidrologik we howa monitoringini ösdürmek, irki duýduryş ulgamlaryny döretmek, suw serişdeleriniň ýagdaýy baradaky maglumatlary alyşmak we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri bir ýere jemläp biler», diýip R. Annaberdiýew nygtady.
Brifingde hödürlenen garaýyşlar Türkmenistanyň köptaraplaýyn dialogy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge we BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen yzygiderli ugruny ýene-de bir gezek tassyklaýar.