26.12.2025
5326
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
“Arkadagyň” oýunçylary “B” toparda ikinji orny eýelemek bilen, AFK-2 Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalyna çykdylar. Bu ýagdaý toparlaýyn ýaryşyň soňky oýunlaryna esaslanyp kesgitlendi.
26.12.2025
3141
Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir
Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy netijelerini beýan etdi.
26.12.2025
4110
Täze okuw kitaplary çap edildi
Türkmenistanda orta mekdepleriň okuwçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.
26.12.2025
4927
Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli konsertler we baýramçylyk şowhunlary geçiriler
Täze ýylyň gelmegine sanlyja gün galdy. Ýurdumyzyň medeniýet meýdançalarynda baýramçylyk çäreleriniň giň gerimli meýilnamasy, şol sanda teatr sahna oýunlary, sazly konsertler, degişmeli şowhunlar, sergiler we ýarmarkalar guralýar. Bu synymyzda öňümizdäki günlerde geçiriljek dabaralar baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
26.12.2025
3927
Balkanly dokmaçylar Täze ýyl baýramyna mynasyp sowgatly barýarlar
Taryhy ähmiýetli tutumly dabaralara, şanly wakalara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünlikli jemleýän önümçilik toplumlarynyň biri-de Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir.
26.12.2025
3525
Pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär
Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ahmet Haýdar» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda pomidoryň bol hasyly kemala getirilýär.
26.12.2025
5962
Türkmenistanyň başlangyçlary BMG tarapyndan biragyzdan goldanyldy: energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi
2025-nji ýylda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy-hukuk binýadyny ep-esli berkitdi. Bu barada daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede eden çykyşynda belledi.
26.12.2025
2990
Türkmenistan Bitaraplyk derejesiniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut etdi
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesiniň adamzada hyzmat etmegiň we ählumumy abadançylyga ýardam bermegiň netijeliligini iş ýüzünde subut etdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çäräniň dowamynda aýtdy.
26.12.2025
3100
Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary netijesinde tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenen hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan buýsançly ýylynyň bütin dünýä ýaň salan dabaralary kalplarymyzda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
25.12.2025
10873
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi, halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, Türkmenistan dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrýar.