Aşgabat şäherinde her ýyl geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär. Abraýly çäre ösüp gelýän nesil üçin niýetlenen harytlary we hyzmatlary öndürýän öňdebaryjy türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemleýän möhüm meýdança bolup durýar.

Şu ýylky sergide Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň diwarlygy aýratyn orun eýeledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli giňeldýär we täze önümçilik ugurlaryny özleşdirýär. Şolaryň hatarynda «AMC» haryt nyşany bilen ýokary hilli çagalar iýmitleri hem bar.

Kärhananyň işgäri, çagalar lukmany, önümçilik meýdançasynyň maslahatçysy Ogulsuraý Ýazdurdyýewa sergide görkezilen önümler barada «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna gürrüň berdi.
- Biz alty aýlykdan başlap hünärmenler tarapyndan maslahat berilýän gury ýokumly garyndylary we galla önümlerinden taýýarlanan şüleleri hödürledik. Olar ene süýdüne goşmaça iýmit hökmünde, şeýle hem ene süýdüniň ýetmezçilik edýän ýagdaýlarynda ulanylyp bilner. «AMC» önümleriniň hataryna mikroelementlere baý tüwi şülesi, bananly tüwi şülesi, şeýle hem köp görnüşli dänelerden taýýarlanan şüleler girýär. Önümlerimiz çagalaryň sazlaşykly ösmegine we sagdyn bolmagyna ýardam berýär- diýip, O.Ýazdurdyýewa gürrüň berdi..

Klasteriň maslahatçysy önümçilikdäki ähli işleriň halkara hil ölçeglerine we ekologik talaplara laýyklykda alnyp barylýandygyny hem belledi. Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Gazagystana, Özbegistana we beýleki birnäçe ýurtlara üstünlikli eksport edilýär. Şu gezekki sergi-ýarmarka bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli meýdança öwrüldi.
– Çagalar üçin ýokary hilli iýmit gözleýän ene-atalar üçin önümlerimiz çagalaryň saglygyny goramak we işjeň ösmegini üpjün etmek babatda iň netijeli önümleriň biri bolar – diýip, O.Ýazdurdyýewa sözüniň ahyrynda belledi.