Ï Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir

view-icon 303

Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply hyzmatdaşlyk Watanymyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugrudyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, BMG köptaraplaýyn kanunylyga eýe bolan ýeke-täk halkara guramadyr. Bu bolsa onuň dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleriň deňagramly we özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamakda ählumumy dialog meýdançasy hökmündäki möhüm ornuny kesgitleýär. Ýurdumyz BMG-niň işjeň we jogapkärli agzasy bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary birleşdirmek, netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda şu ýylyň sentýabr aýynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary munuň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, birnäçe anyk ugurlary öz içine alýan bu resminama 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi. BMG-niň işinde öňde duran döwür üçin öz çemeleşmelerini işläp taýýarlamak bilen, Türkmenistan durnuklylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmegiň esasy, kesgitleýji şerti hökmünde bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berýär.

Ýurdumyz daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk, açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz eýermegi, dawa-jenjelleri, gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge berk ygrarlylygy esasy ugur hökmünde kesgitledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda beýan ediljek Türkmenistanyň täze teklipleri-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olarda Gahryman Arkadagymyz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal öňe sürlen hem-de Baş Assambleýanyň Kararnamalarynda berkidilen başlangyçlaryň logiki dowamy öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda şu ýylyň maý we iýul aýlarynda biragyzdan kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» we «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalar bar.

Türkmenistan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşmek arkaly ynanyşmagy, dialogy hem-de öňüni alyş diplomatiýasyny pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Geçen döwrüň içinde ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ornuny ýokarlandyrmak, bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, sebit we ählumumy meseleleriň beýleki wajyp ugurlary boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Bu başlangyçlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy aýdyň beýanyny tapdy. Munuň özi bu filosofiýanyň döwrüň talabyna görä köptaraplydygyny hem-de möhüm ähmiýete eýedigini subut edýär.

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk, howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanýan Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Şunuň bilen bir hatarda, 2027 — 2037-nji ýyllary “Birleşen Milletler Guramasynyň Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek teklip ediler. Şunda ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlary boýunça sebitleýin we sebitara dialogy ösdürmek üçin meýdançalary döretmek babatda yzygiderli iş alyp barýandygyny nygtamak gerek. Aşgabatda 2007-nji ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi muňa bir mysaldyr. Tejribeden görnüşi ýaly, döredilmegi baradaky başlangyç Milli Liderimize degişli bolan bu merkeziň açylmagy öz wagtynda edilen öňdengörüjilikli ädimdir. Merkez tarapyndan alnyp barylýan işler halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 19 ýyldan bäri netijeli iş alyp barýan merkez özüni döwrüň wajyp meselelerini çözmekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa döwletleri bilen baglanyşdyrýan netijeli meýdança hökmünde tanatdy.

Häzirki wagtda merkeziň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda ýaşlar üçin BMG-niň işi, halkara hukuk, diplomatiýa we parahatçylygy gurmak baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga, liderlik häsiýetlerini ösdürmäge mümkinçilik berýän bilim taslamasy bolan Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatnamalaýyn iş topary we beýlekiler döredildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň ýakyndan ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. Ol sebitiň taryhynda ilkinji özboluşly meýdança bolmak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, zenanlara parahatçylykly we durnukly ösüş işinde öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda Türkmenistan sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Onuň işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak üçin ýurdumyz nobatdaky sessiýada «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Parahatçylyk döredijilik hem-de köptaraply diplomatiýany ilerletmek işinde Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär. Şunda ozal ýurdumyz tarapyndan Halkara araçylyk gününi hem-de Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklipleriň öňe sürlendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde beýan eden bu başlangyçlary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olary kadalaşdyrmakda diplomatiýanyň hem-de bitarap meýdançalaryň ähmiýetini nygtamaga, dil we medeni köpdürlülige hormat goýmak arkaly halklaryň arasynda ynamy, özara düşünişmegi, inklýuziw dialogy berkitmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen degişli işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç hormatly Prezidentimiz tarapyndan geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda öňe sürlüpdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resmi resminamasy derejesine eýe bolan Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Bu başlangyjy amala aşyrmak ugrunda nobatdaky ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek bilen bagly geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde sanly özgertmeler, sanly ulgama geçmek, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Türkmenistan bu ugurda deňhukuklylyk, ynanyşmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we emeli aňyň parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin ulanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň gerimini barha giňeldýän köptaraply diplomatiýasynda hem bu ugra aýratyn üns berilýär. Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda BMG-niň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürer. Şunuň bilen baglylykda, guramanyň ýardam bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalarynyň adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly özgerdýändigi şübhesizdir. Halkara giňişlikde emeli aň diplomatik işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň guraly, maslahatlaşmalaryň we düzgünleşdirmegiň mowzugy hökmünde ýüze çykýar. Emeli aňyň esasy tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde işläp taýýarlamaga hem-de seljermäge ukyply bolmagydyr. Şu günler emeli aňyň nusgalary strategik çaklamalarda, diplomatik meýilleşdirmelerde işjeň ulanylyp, durnukly, öňdengörüjilikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Umuman, sanly özgertmelerdir emeli aň halkara gatnaşyklaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi sanly howpsuzlyk, emeli aňyň etikasy ulgamlarynda, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine emeli aňyň mümkinçiliklerinden parahatçylykly ýollar arkaly peýdalanmakda ählumumy kadalaşdyryş gün tertibini döretmegiň zerurlygyny şertlendirýär. Türkmenistanyň ýokarda agzalan başlangyjy bolsa hut şu ulgamda öňde durýan ilkinji derejeli wezipeleri deňagramly çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan hemişe ähli halkara başlangyçlaryny BMG-niň Tertipnamasyna we onuň esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyk getirýär. Şunda ýurdumyz halkara syýasatyň hukuk we ynsanperwerlik mazmunyny berkitmek meselelerine aýratyn üns berýär. Halkara hukuk ulgamyndaky özara gatnaşyklar Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Onuň hökmürowanlygynyň berkidilmegi, degişli kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň esasy şerti hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” diýip yglan etmek barada öňe sürlen başlangyç aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. 24-nji iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde degişli Kararnamanyň kabul edilmegi häzirki zaman meýillerinde bu teklibiň möhüm ähmiýetini tassyklady. Bu başlangyjy durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçiriljek syýasy-diplomatik, ylmy-amaly, bilim, medeni we maglumat çärelerini kesgitlemegi, beýleki degişli çäreleri göz öňünde tutýan 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy, degişli pudagara iş toparyny döretmegi öz içine alýan toplumlaýyn platforma işlenip taýýarlanyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukuk» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek teklip edilýär. Onuň çäklerinde her ýyl Aşgabat halkara hukuk dialogyny, ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirip bolar. Şeýle hem «Halkara hukuk we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlamak we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde guramanyň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak göz öňünde tutulýar.

Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynda bu mowzuga bagyşlanan ýokary derejeli Bütindünýä forumyny Türkmenistanda geçirmek teklip ediler. Şunuň bilen baglylykda, halkara hukugyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň möhüm binýady hökmündäki ornuny tassyklaýan Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky sessiýanyň dowamynda guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine, şol sanda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna ýurdumyzyň dalaşgärliginiň hödürlenilmegi boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.

Türkmenistan ählumumy howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge ymtylmak bilen, onuň bitewüligi, dürli ugurlarynyň, şol sanda ekologiýa ugrunyň hem-de howanyň üýtgemegi, energetika, umuman, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak ýaly oňa ýakyn şertleriň özara baglanyşygy ýaly ýörelgeleri esasy ugur hökmünde saýlap aldy. Bu babatda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýakynda açyljak sessiýada-da Türkmenistan bu meseleler boýunça işleri dowam etdirer we olara ulgamlaýyn seretmegiň tarapdary bolup çykyş eder. Hususan-da, halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly başlangyçlary ilerletmäge gönükdirilen täze köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat etjek Aşgabat howa dialogyny döretmek teklip ediler. Mundan başga-da, türkmen tarapy gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyjy öňe sürer. Bu teklipler Türkmenistanyň ekologiýa we howa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak meselelerini çözmäge oýlanyşykly çemeleşýändigini görkezýär.

Ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri muňa aýdyň mysaldyr. BMG-niň howandarlygynda hereket etjek bu ýöriteleşdirilen edaralar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda we onuň ýaramaz täsirini peseltmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýer gorlaryny goramak, topragyň ýaramazlaşmagynyň hem-de suw serişdeleriniň azalmagynyň öňüni almak, ekoulgamy dikeltmek ýaly ugurlarda Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak üçin möhüm meýdançalara öwrülmelidir. Bu merkezleriň işi ekoinnowasiýalar ugry boýunça sebit we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge hem ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan Hazar ekologik başlangyjyny yzygiderli öňe sürýär. Ony mundan beýläk-de ilerletmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edildi. Şeýle hem ýurdumyz tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa sebiti üçin bitewi ekologiýa strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde tapawutlandyrmak baradaky başlangyçlar hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan beýleki wajyp teklipler öňe sürüldi.

Şeýlelikde, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna beslenýän şu ýylda Türkmenistan parahatçylyk dörediji merkez we abraýly dialog meýdançasy hökmündäki derejesini iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň bähbidine onuň möhüm maksatlaryny, wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýdyň görkezýär.