Ï Türkmenistanda «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara sergisi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara sergisi geçiriler

view-icon 1813
Türkmenistanda «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara sergisi geçiriler

Paýtagtymyzda 4–6-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» atly halkara forum we sergi geçiriler. Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraýar.

Sergi emeli aňyň ösdürilmegi we ornaşdyrylmagy, innowasiýa tehnologiýalarynyň çekilmegi, onlaýn bazarlaryň ösüşi we maýa goýum işleriniň giňelmegi ýaly möhüm meseleleri öz içine alar. Ol innowasiýa tehnologiýalar pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly we deň hukukly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de işjeňleşdirmek üçin meýdança bolar.

Sergä gatnaşyjylar innowasiýa tehnologiýalary ulgamynda ýeten sepgitlerini we önümlerini görkezerler, şeýle hem «B2B» we «B2G» görnüşlerde duşuşyklar geçirip bilerler. Ol daşary ýurtly we türkmen maýadarlary, haryt öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, telekeçiligi halkara derejesine çykarmaga we sarp edijileriň çägini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Sergi temalary gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli aň we kompýuterleriň öz-özüni kämilleşdirmegi, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, bazar ýerler (marketpleýs), 5G we aragatnaşyk torlarynyň geljekki tapgyrlary, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikasy, informasiýa tehnologiýalary ulanylýan elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary we şuňa meňzeş ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara foruma hem-de sergä gatnaşmak isleýänler guramaçylar bilen habarlaşyp bilerler.