28.10.2026
2047
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky işini tamamlaýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi.
28.10.2026
1886
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
28.10.2026
2867
Gurjak teatry halkara festiwalynda çykyş etdi
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda ýurdumyzyň teatrlary täze döredijilik eserlerini döredip, sungat muşdaklaryny yzygiderli begendirýär.
28.10.2026
1592
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň baştutanlygyndaky wekiliýeti Bakuda geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň baştutanlygyndaky wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy.
28.10.2026
2525
«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2026» atly XXXI halkara maslahat we sergi daşary ýurt metbugatlarynda beýan edildi
Täze gaz ugurlary, Hazar maýa goýum mümkinçilikleri we halkara ylalaşyklar — bu mowzuklar «OGT 2026»-ny halkara metbugat sahypalaryna çykardy.
28.10.2026
2500
Hans Zimmeriň sazlary Tahyr Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň zaly tomaşaçylardan dolydy. Aslynda, Tahyr Ataýewiň orkestriniň konsertlerinde mydama şeýle bolýar. Şol agşam orkestriň sazandalary tomaşaçylar bilen bilelikde meşhur blokbaster filmleri arkaly dünýäniň dürli künjeklerine aýdym-sazly syýahata çykdylar. Bu syýahatyň ýolbeledi bolsa iki gezek «Oskar», üç gezek «Globus» we dört gezek «Grammy» baýraklarynyň eýesi bolan nemes kompozitory Hans Zimmer boldy.
28.10.2026
2378
«Çalık Enerji» – Türkmenistanyň ynamdar hyzmatdaşy
1998-nji ýylda esaslandyrylan Türkiýäniň «Çalık Enerji» kompaniýasy dünýäniň dürli ýurtlarynda iş alyp barýan öňdebaryjy halkara holdingi önümçilik we hyzmatdaşlyk merkezleriniň biridir.
28.10.2026
2185
Türkmenistanyň bilim ministri Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirdi
27-nji oktýabrda Ürgenç döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen ýokary okuw mekdebiň rektory Feruza Madrahimowanyň resmi duşuşygy geçirildi.
28.10.2026
3112
Türkmen-hytaý gaz dialogy: «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara forumyň netijeleri we geljegi
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2026) çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri gaz pudagyndaky iki onýyllygyň dowamynda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlediler we täze taslamalary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlediler.
28.10.2026
2136
Dünýä halklarynyň saz sungaty bir sahnada
Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Dünýä halklarynyň milli saz gurallary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.