Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Dünýä halklarynyň milli saz gurallary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň çäklerinde konserwatoriýanyň eýwanynda kitap sergisi, muzeýinde milli saz gurallarynyň sergisi guraldy. Maslahatyň öňüsyrasynda konserwatoriýanyň halk saz gurallary ansamblynyň (Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygynda) ýerine ýetirmeginde «Goňurbаş mukamy» halk sazy hem-de Nury Halmämmedowyň «Türkmen sährasy» atly eseri ýaňlandy.

Maslahaty ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa açdy. Ol öz çykyşynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni, şeýle hem halk saz gurallarynyň dürli ýurtlarda medeniýetiň ösüşine ýetirýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň bäşinji ýyl talyby Arzuw Aşyrowa Şotlandiýanyň milli saz guraly bolan wolynka barada çykyş etdi. Onuň çykyşy bu saz guralynda ýerine ýetirilen sazyň wideoýazgysy bilen utgaşdyryldy. Soňra şol fakultetiň talyplary ermeni halkynyň duduk saz guraly, Perunyň pan fleýtasy, gazak halkynyň domburasy, özbek halkynyň tanbury hem-de italýan halkynyň mandolinasy barada çykyşlar etdiler.

Türkmen halkynyň saz gurallarynyň biri bolan gyjak barada Aýjahan Abalakowa maglumat berdi. Onuň çykyşynyň dowamynda Nöker Genjiýewiň ýerine ýetirmeginde A. Julgaýewiň «Ýaşlara salam» atly eseri ýaňlandy.
Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň talyplary Hindistanyň, Hytaýyň, Koreýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Afrika ýurtlarynyň kirişli hem-de urup çalynýan saz gurallary barada hem gyzykly çykyşlary taýýarladylar.

Kanon we sitra saz gurallaryna bagyşlanan çykyşlar Nasiba Bahadyrowanyň kanonda, Sona Nuryýewanyň fortepianoda ýerine ýetirmeginde italýan kompozitory Antonio Batszininiň eseri bilen utgaşdy. Hajy Hanmämmedowyň çeň saz guraly baradaky çykyşynyň dowamynda bolsa Mähriban Haýypowanyň çeňde, Sona Nuryýewanyň fortepianoda ýerine ýetirmeginde Hajy Hanmämmedowyň 2-nji konserti diňleýjilere ýetirildi.

Halk saz gurallaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän sazandalaryň çykyşlary ylmy-amaly maslahatyň diňe bir öwredijilik ähmiýetini artdyrman, eýsem, onuň has-da täsirli we gyzykly geçmegine şert döretdi.
Maslahatyň alyp baryjysy hökmünde sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hünärmeni Jemile Gurbanowa çykyş etdi.

Maslahatda çykyş edenleriň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.