Ï Gurjak teatry halkara festiwalynda çykyş etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurjak teatry halkara festiwalynda çykyş etdi

view-icon 94
Gurjak teatry halkara festiwalynda çykyş etdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda ýurdumyzyň teatrlary täze döredijilik eserlerini döredip, sungat muşdaklaryny yzygiderli begendirýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylymyzyň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişi yzygiderli guralyp gelinýär. Sahna oýunlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan gymmatlyklarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan miras bolup gelen milli ahlak-edep ýörelgeleri mynasyp wasp edilýär. Elbetde, sahna oýunlarynyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän çuň mazmunly tymsallar hem-de gyzykly rowaýatlar giňden şöhlelendirilýär.

Şonuň bilen birlikde türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi, ýurdumyzda milli medeniýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde teatr sungatynyň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilen «Чодари хаел» atly gurjak teatrlarynyň VIII halkara festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Biziň ýurdumyzdan wekilçilik eden döredijilik topary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Heňňamlaryň hekaýaty» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Bu sahna eserinde parahatçylyk, agzybirlik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly ruhy ýörelgelerimiz gurjak teatrynyň özboluşly çeper tilsimleri arkaly beýan edilýär. Sahnada pederlerimiz tarapyndan türkmen mertebesi we ajaýyp milli başgaby bolan türkmen telpeginiň äpet keşbi janlandyrylýar hem-de soňraky wakalar hut milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini dabaralandyrmak bilen bagly wakalar bilen utgaşyklylykda dowam edýär. Sahnada dana ata öz perzendine suwa sarpa goýmakda hem ony tygşytly ulanmakda pederlerimiziň «Suw damjasy altyn dänäsi» pähimine uýmagy, men-menlik etmezligi, dostluga wepaly bolmagy wesýet edýär. Mahlasy, bu spektaklda durmuş tejribeleri hem heňňamlaryň-döwürleriň döreden durmuş sapaklary, pederlerimiziň pähim-parasatly ündewleri çeper hekaýata öwrülip sahna dilinde tomaşa ýetirilýär. Şoňa görä-de, Täjigistan Respublikasynda geçirilen halkara festiwalynda türkmen artistleriniň sahna eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu spektakla tomaşa edip, şowhunly el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylan sungaty söýüjileri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän türkmen halkynyň rowaýatlarynyň ýiti pähim-paýhasa ebedidigini aýratyn nygtadylar.

Türkmen döwlet gurjak teatry üstünlikli çykyş edendigi üçin, halkara festiwalynyň Diplomyna hem-de Kubogyna mynasyp boldylar.

Bu halkara gurjak teatr festiwalynda teatryň döredijilik topary bilen birlikde Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Täjigistan Respublikasyndan gurjak teatr toparlarynyň birnäçesi sahna oýunlaryny görkezdiler.

Festiwalyň çäginde teatr artistleriniň arasynda, sungatda gazanylýan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeler, hususan-da gurjaklary ýasamakdaky täze tehnologiýalar boýunça tejribeleri alyşmak boýunça ussatlyk sapaklary hem guraldy. Ussatlaryň gatnaşmagynda ýaş artistler bilen sungat sapaklary, amaly maslahatlary hem geçirildi. Munuň özi, sungat işgärlerine birek-biregiň döredijilik üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli orna eýe bolar.

Türkmeniň milli sungatyny ösdürmäge, teatrlaryň döredijilik hazynasyny täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmaga, halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.

Agamyrat Baltaýew, 
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.