mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34283 makala tapyldy
news-photo

24.10.2026

total-veiw

1883

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan halkara sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň meselelerine garaldy. 

news-photo

24.10.2026

total-veiw

1590

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde V halkara teatr festiwaly geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat we Arkadag şäherleri halkara teatr sungatynyň merkezlerine öwrüler.

news-photo

24.10.2026

total-veiw

1585

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäheri halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. 

news-photo

24.10.2026

total-veiw

1825

«Aşgabat – Daşoguz» awtomobil ýolunyň 546 kilometrlik bölegi gurular we döwrebaplaşdyrylar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň esasy ulag ýollaryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen Karara gol çekdi.

news-photo

24.10.2026

total-veiw

3234

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


news-photo

23.10.2026

total-veiw

3120

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.


23.10.2026

total-veiw

6435

“Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bellenildi.

23.10.2026

total-veiw

6529

Awtomobil ýollary ministrligine “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

news-photo

23.10.2026

total-veiw

2697

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň itşynaslaryna, alabaý itleriniň janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna

Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli buýsanjymyz we gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


news-photo

23.10.2026

total-veiw

2095

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Sizi eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan şanly ýylynda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size halkymyzyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


...3429