Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 98
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, milli parlamentiň wekilleri Andorra Knýazlygynda, Tanzaniýa Birleşen Respublikasynda we Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Şeýle hem Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirilip, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Munuň özi içerki we daşarky sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli üpjün etmäge ýardam berýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak işleri dowam edýär. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny öndürijilikli işletmek hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri giňden belläp geçmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, her ýyl bu sene mynasybetli dürli medeni çäreler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu foruma daşary ýurt kompaniýalary, ýerli hususy kärhanalar, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşarlar. Forumyň çäklerinde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ýol gurluşygynda dünýäniň döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Sergide Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Serginiň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli önümçilik toplumlarynda ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini we daşary ýurtlara giňden eksport edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynda geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu festiwala gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň ýurdumyza gelmegine garaşylýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça iş maslahaty guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli teatr sungatyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmakda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sebitara foruma gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalara laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de halkara howa menzillerinde döredilen häzirki zaman şertleri dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de halkara kadalara laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini, türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.