Ï Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

view-icon 99

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan şanly ýylynda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size halkymyzyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Behişdi ahalteke bedewleri, nepis halylary bilen bir hatarda, edermen türkmen alabaýy halkymyzyň taryhyny, ruhy dünýäsini, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini açyp görkezýän milli gymmatlyk bolup durýar. Wepaly alabaýlar diňe bir öý-ojagyň ygtybarly goragçysy däl, eýsem, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň, pederlerimiziň paýhasynyň, zähmetiniň, tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň aýdyň nyşanydyr. Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Jeýtunda, Pessejikdepede, Şähryslamda we beýleki taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan it şekilleri ata-babalarymyzyň bu jandara gadymy döwürlerden bäri aýratyn sarpa goýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Siziň baştutanlygyňyzda halk seçgiçiliginiň baý tejribesi esasynda kemala getirilen bu naýbaşy it tohumyny gorap saklamak, onuň arassa ganlylygyny üpjün etmek hem-de geljek nesillere asyl durkunda ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler has-da giň gerime eýe bolýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmak, olaryň taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak halkymyzyň gadymy köklerine, ruhy mirasyna bolan çuňňur hormatyň beýanydyr. Şoňa görä-de, Siz itşynaslygyň özboluşly däplerini gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga, bu tohumy geljekde has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýärsiňiz. Milli senenamamyzda türkmen alabaýynyň hormatyna ajaýyp baýramyň döredilmegi, onuň çäginde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, sergilerdir maslahatlaryň guralmagy, alabaýlaryň seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde uly hyzmatlary bitiren itşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy bu ugurda döwlet derejesindäki tagallalary dabaralandyrýar. Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen merkezleriň açylmagy, tohumçylyk işleriniň kämilleşdirilmegi, weterinariýa hyzmatlarynyň ösdürilmegi hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işi arkaly halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arassa ganly alabaýlary kemala getirmek boýunça mümkinçilikleri has-da artdyrýar.

Siziň parasatlylyk bilen nygtaýşyňyz ýaly, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr. Täze taryhy döwürde türkmen alabaýynyň halkara derejede ykrar edilmegi halkymyzyň milli buýsanjyny has-da belende göterýär. Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň baý seçgiçilik tejribesiniň, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däpleriniň we olara bolan aýratyn garaýşynyň gymmatly miras hökmünde ählumumy ykrarnama eýedigini aýdyň görkezýär.

Mertebesi belent Prezidentimiz!

Türkmen alabaýy geçmişi we şu güni hem-de pederler bilen geljek nesilleri birleşdirýän janly mirasdyr. Onuň syratly keşbinde bereketli sähralarymyzyň giňligi, häsiýetinde halkymyzyň mertligi, eýesine wepalylygynda bolsa türkmeniň dostluga, ynama, wepadarlyga goýýan belent sarpasy şöhlelenýär. Siziň başda durmagyňyzda halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini mundan beýläk-de gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berer.

Berkarar Watanymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň at-owazasyny äleme ýaýýan möhüm wakalar bilen täze taryhymyza ýazylýar. Şeýle şanly ýylda umumadamzat medeniýetiniň gymmatly mirasy hökmünde ykrar edilen wepaly alabaýlarymyza ählihalk söýgüsini dabaralandyrýan Türkmen alabaýynyň baýramy hem özboluşly mazmuna eýe bolýar. Munuň özi nesilden-nesle geçirilip, halkymyzyň kalbynda ebedi ýaşaýan milli gymmatlyklarymyzyň dowamatlylygyny üpjün etmek babatda döwlet derejesindäki tagallalary rowaçlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi halkymyzyň ruhy galkynyşyny, milli gymmatlyklarymyza çäksiz söýgini alamatlandyrýan Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz has-da belent bolsun! Mertligiň, batyrlygyň, wepalylygyň nusgasy bolan alabaýlarymyzy ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek ugrundaky tagallalaryňyz hemişe rowaçlyklara beslensin!

Sizi hormatlamak bilen,


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.