Ï Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçiriler

view-icon 112
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat we kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitara forumy geçiriler

Şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäheri halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow paýtagtymyzda iri halkara kärdeşler arkalaşyklary forumlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Çäreleriň maksatnamasyna «Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde guralýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy girýär.

Halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmaga hem-de sebitde kärdeşler arkalaşyklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň möhüm ähmiýet berýändigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sebitara foruma gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.