13.04.2026
3295
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
13.04.2026
2702
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Nizar Amedä Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
13.04.2026
1406
Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow – 2026» halkara maslahatyň geçirilmegine gatnaşdylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan «Lomonosow – 2026» at bilen talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXIII halkara ylmy maslahatynyň dört bölümçesiniň guramaçylykly geçirilmegi üçin meýdança bolup çykyş etdiler.
13.04.2026
4697
Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Tokio şäheriniň “The Shoto Museum of Art” sungat muzeýinde “Merkezi Aziýanyň el işleri” şygary astynda Türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň, ajaýyp keşdeleriniň we şaý-sepleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergi 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinden 14-nji iýuny aralygynda dowam eder.
13.04.2026
2810
Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy CAFA-nyň çempionatynda Owganystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen deňme-deň oýnady
Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän çempionatynda türkmen futbolçylary iki duşuşygy deňme-deňlikde tamamladylar.
13.04.2026
2199
Röwşen Nepesow: Ýene-de karaoke
«Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň wokal-instrumental toparynyň gatnaşmagynda karaoke-konserti boldy.
13.04.2026
2916
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
13-nji aprelden 19-njy aprel aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolup, güneşli günleri ýagyşly howa çalşyp durar. Howanyň temperaturasy +17 gradusdan +30 gradus aralygynda maýyl bolar.
13.04.2026
2847
«Diller dünýäsi» dil merkezinde dil gurnagy geçirildi
Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Diller dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» gurnagy geçirildi. Bu başlangyç ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň dünýä medeniýetleri baradaky düşünjesini giňeltmek maksadyny öňde goýýar.
13.04.2026
2813
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
13.04.2026
1247
Pagtanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar
Şu günler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň işgärleri welaýatyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan täze pagta görnüşlerini döretmek boýunça işleri alyp barýarlar.