Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Petra Dahtleri kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, dürli ulgamlarda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda Germaniýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda yzygiderli giňeldýär.
Türkmenistan hem-de Germaniýa halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldaýarlar. Ýurdumyz GFR bilen halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek meselelerinde-de hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistan bu formata sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, bilelikdäki başlangyçlary ilerletmek üçin möhüm gural hökmünde garaýar.
Iki ýurt söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň wajyp guraly hökmünde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň alyp barýan işiniň orny nygtaldy. Saglygy goraýyş ulgamynda köpýyllyk türkmen-german hyzmatdaşlygy netijeli gatnaşyklaryň nusgalyk mysaly bolup durýar. Onuň çäklerinde türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek üçin germaniýaly bilermenler bilen yzygiderli gatnaşyk alnyp barylýar.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berilýär. Ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup, dostlukly halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunda bilim ulgamyndaky gatnaşyklara, hususan-da, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, döwrebap bilimleridir tejribäni alyşmak boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.
Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän german-türkmen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Men hanym Petra Dahtleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Frank-Walter ŞTAÝNMAÝER,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti.