Köneürgenç şäherinde ýokary depginler bilen 420 orunlyk täze umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygy alnyp barylýar. Ol şäheriň merkezinde ýerleşip «Batly depgin» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar. Iki gatly täze binada çagalaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi, bilim almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulan.
Täze mekdep häzirkizaman enjamlar bilen üpjün ediler. Göz öňüne tutulýan interaktiw enjamlar okuwçylara mekdep derslerini has çuňňur özleşdirmäge kömek eder. Sport bilen meşgullanmak bolsa çagalaryň saglygyny berkitmäge we beden taýdan kadaly ösüşine ýardam berer. Bina döwrebap mebel, okuw gollanmalar we görkezme esbaplar bilen üpjün ediler. Bu ýerde mejlisler zaly, lingafon otaglar, naharhana, kitaphana we başga-da gerekli bolan otaglar bolar.
Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu ulgamyň binýady ilatyň artýan islegleri boýunça dowamly özgerdilýär. Häzirki döwürde döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde sebitde ýylda täze umumybilim berýän mekdepleriň sany artýar. Bu mekdep soňky ýyllarda Köneürgenç etrabynda gurulan ilkinji bina däldir. Ýaňy-ýakynda hem Bitaraplyk şäherçesinde döwrebap 420 orunlyk mekdep gurlup ulanylmaga berilipdi.