Ï Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady

view-icon 636
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady
Daşkentde halkara media maslahaty öz işine başlady

Şu ýylyň 24 – 29-njy awgusty aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçirilýär. Daşkent şäheriniň baş bezegine öwrülen merkezde guralýan foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan žurnalistler, media ulgamynyň bilermenleri we halkara derejeli hünärmenleri gatnaşýarlar. Doganlyk ýurtda geçirilýän giň möçberli foruma ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň esasy bölegi Daşkent şäherinde Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasynyň merkezinde geçýär. 21-nji awgustda forumyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabaradan soňra media foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan mowzuklaýyn sergi bilen tanyşdylar.

Bu ýerde muzeý gymmatlyklary bilen bir hatarda, ylmy we bilimi ösdürmegiň taslamalary, alnan maglumatlaryň elektron görnüşleri, dünýä ähmiýetli ylym-bilim we medeni meýdança öwrülen Merkezde ulanylýan multimediýa tehnologiýalary görkezilýär.

Soňra halkara media forumy öz işine başlady. Umumy mejlisde çykyş edenler häzirki zaman resminamalaýyn filmleriň meseleleri, filmi döretmegiň esasy ugurlary we bu ugurda toplanan tejribeler barada düýpli maglumatlara esaslanýan çykyşlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle hem umumy mejlisiň dowamynda taryhy maglumatlary ylmy esasda öwrenmegiň meseleleri, neşirýat işiniň öňünde durýan wezipeleri we bu ulgamyň işini ösdürmek, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly ugurlary öz içine alýan taslamalar, häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda media ulgamynda bilelikdäki halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetine üns berildi.

Umumy mejlisde çykyş edenler media düzümleriň işinde häzirki zaman tehnologiýalaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Hut şu mowzuk boýunça alnyp barylýan işlere biziň ýurdumyzda hem ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna, aýratyn-da, bilim we media ulgamlaryna sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda özara tejribe alyşmak ulgamyň işiniň ilerlemeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Umumy mejlisiň ahyrynda bolsa media ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ugurlaryna garaldy.

Şeýle hem forumyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary geçirildi we Özbegistanyň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlary üçin ussatlyk sapaklary guraldy.

27-nji awgustda «Yslam siwilizasiýasynyň merkezi: täze garaýyşlar, täze açyşlar» atly halkara media forum Samarkant şäherinde dowam eder. Foruma gatnaşyjylar maksatnama laýyklykda, şäheriň taryhy-medeni mirasyna degişli ýadygärlikler toplumy bilen tanyşarlar.

28-nji awgustda bolsa halkara forumyň jemleýji umumy mejlisi geçiriler. Şeýle hem şol gün forumyň ýapylyş dabarasy bolar.

Ýurdumyzyň degişli ugurlar boýunça wekilleri dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim, medeni we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugurlary boýunça halkara we sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Daşary ýurtlar bilen ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijesinde gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Medeni-ynsanperwer ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar bolsa halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa degişli ugurlara häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.