Ï “Mekirlik we söýgi” atly oýnuň görkezilmegi bilen Aşgabatda “Nemes bahary” tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Mekirlik we söýgi” atly oýnuň görkezilmegi bilen Aşgabatda “Nemes bahary” tamamlandy

view-icon 709
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda nemes edebiýatynyň nusgawy wekili Fridrih Şilleriň adybir eseri boýunça goýulan “Mekirlik we söýgi” atly oýnuň görkezilşi boldy. Bu dramanyň üstünden işlemek Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan “Nemes bahary - 2015” festiwalynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Aşyrmuhammet Rahmanowyň ýolbaşçylygyndaky teatryň döredijilik toparynyň we režissýor Ahim Torwaldyň bilelikdäki döredijiligi özüniň oňyn netijesini berdi. Spektakly premýerasy doly anşlagda geçdi. Artistleriň halkara düzümi rollaryň (Onuň Alyhezreti fon Walteri – A.Torwald), türkmençe (sazanda Miller – A.Rahmanow) we rus dillerinde (pýesanyň beýleki gahrymanlary) ýerine ýetirilmegini şertlendirdi. Aktýorlaryň Şilleriň dramasynyň gahrymanlarynyň açykdan ynandyryjy ýerine ýetirendiklerini bellemelidiris.


Bu oýun batyrgaý çemeleşme, dekorasiýalary çalyşmagy talap etmeýän sahna giňişliginiň şowly çözgüdi, pýesanyň sýužet ugruny beýan edýänligi bilen tapawutlanýar. Oýny goýmagyň üstünde edilen işler barada gürrüň bermek bilen, režissýor we aktýor, Karlsruedeniň Baden Döwlet teatrynda köp ýyllaryň dowamynda işlän Ahim Torwald: - Iki medeniýet duşuşyp, biri-birilerini baýlaşdyrmak bilen, bu örän uly şowly iş boldy. Şilleriň dramasyny dünýäniň köp teatrlarynda goýýarlar we elmydama hem dürli-dürli bolýar. Taslama gatnaşyjylaryň ählisi uly gyzyklanma we höwes bilen işlediler, düýbünden täze düşünjäni we täze garaýşy döretdiler. Biz lybaslarda şol döwri suratlandyrdyk. Bu babatda bize hudožnik D.Hersman kömek etdi, B.Patyşagulyýewiň ssenografiýasy we B.Gullyýewiň saz bilen bezeýşi orän şowly çykdy diýip, belleýär.

Spektakl tomaşaçyny dürli gatlaklara degişli bolan ýaş adamlaryň söýgülerine päsgelçilik berýän nemes jemgyýetiniň geçmişdäki durmuşyna alyp gitse-de ol biziň hemmämizi tolgundyrýar. Sebäbi şular ýaly meňzeş sýužetler köp halklaryň nusgawy edebiýatynda beýan edilýär.

- Şilleriň dramasynyň sýužeti bize Zöhre-Tahyryň ykbalyny ýatladýar, diýip, teatryň ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär. – Şular ýaly wakalar dürli halklaryň taryhynda gabat gelýär, bu bolsa milli medeniýetlere düşünmäge we özara baýlaşdyrmaga alyp barýan ýoluň köprüsi kimin bizi biri-birimize ýakynlaşdyrýar. Režissýor Ahim Torwald bilen bilelikdäki iş bizi täze tejribe bilen baýlaşdyrdy, biz üçin köp sanly açyşlar boldy. Eger-de bu täze spektakl tomaşaçylarda uly tolgunma döreden bolsa, onda biziň zähmetimiziň ýerine düşdigi bolýar.

“Mekirlik we söýgi” atly oýnuň goýulmagy - A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň taryhynda aýdyň sahypa we medeni waka bolup, ol Türkmenistanyň we Germaniýanyň halklarynyň arasyndaky dostluk ýollaryny berkitmekde ýene-de bir ädilen ädim boldy.