29.07.2026
3260
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi.
29.07.2026
4149
Aşgabat dünýäniň maýadarlaryny kabul etmäge taýýarlanýar: TIF-2026 forumy 1-nji oktýabrda badalga alar
1-2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) geçiriler. Bu çäre maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri halkara meýdança bolup, onda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşyp, olary durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri kabul ederler.
29.07.2026
3818
Ýaş türkmen tennisçi Aýlin Nuryýewa Buharada geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Özbegistanyň Buhara şäherinde 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda (Orange Ball) türkmen tennisçisi Aýlin Nuryýewa ýeňiji bolup, halkara derejede üstünlige ýetdi.
29.07.2026
3747
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy
Şu gün Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy.
29.07.2026
3291
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary boýunça işlerini dowam etdirer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.07.2026
3205
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «ýaşyl» energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşykda bankyň Türkmenistanyň ekologiýa we energetika ugurlaryndaky başlangyçlaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.07.2026
2117
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy
Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisi öz işini tamamlady. Oňa bu guramanyň agzasy bolan 196 döwletiň, takmynan, 3000 wekili gatnaşdy.
29.07.2026
3439
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi.
29.07.2026
3327
Ankarada Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň arasyndaky syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji iýulynda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylaryndaky derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
28.07.2026
4600
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.