Ï Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy

view-icon 333
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisine gatnaşdy

Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisi öz işini tamamlady. Oňa bu guramanyň agzasy bolan 196 döwletiň, takmynan, 3000 wekili gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 25 sany täze desganyň goşulmagy barada karar kabul edildi. Olaryň 19-sy medeni, 5-si tebigy, ýene-de biri bolsa tebigy-medeni häsiýetli – Gresiýadaky Olimp dagynyň sebiti boldy.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 48-nji mejlisiniň jemleri boýunça Pusan Jarnamasy kabul edildi. Komitetiň nobatdaky 49-njy mejlisiniň başlygy wezipesine Türkiýäniň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, ilçi Mustafa Ýurdakul saýlandy. Mälim bolşy ýaly, 49-njy mejlis 2027-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 7-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde geçiriler.

Geçirilen mejlisde ýurdumyza ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew wekilçilik etdiler.