Ï Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 109

2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşykda medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Tatar gyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.