Ï Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «ýaşyl» energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «ýaşyl» energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

view-icon 115
Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «ýaşyl» energetika we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Duşuşykda bankyň Türkmenistanyň ekologiýa we energetika ugurlaryndaky başlangyçlaryna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga we arassa, «ýaşyl» energetikany toplumlaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda täze amala aşyrylýan taslamalara ýa-da täze başlangyçlara ÝTÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşykda oba hojalyk-senagat toplumy we ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň möhüm wezipeler bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.